GÜNDOGAR ÝURTLARYNYŇ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNYŇ TARYHYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞY

2020-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiniň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlary Jeren Baltaýewanyň, Azat Alihanowyň ýakynda täze neşirden çykan «Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Bu okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna halypa mugallymlar, sungaty öwrenijiler, suratkeşler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada TDÇA-nyň okuw işleri boýunça prorektory Rüstem Annamuhammedow,  Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa, şol kafedranyň uly mugallymy Ogulabat Muhatowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy Jemal Toryýewa hem-de kitabyň awtorlary Jeren Baltaýewa, Azat Alihanow täze neşir edilen kitap barada çykyş etdiler.

Kitap Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn, Orta, Uzak Gündogar ýurtlarynyň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň binagärliginiň, nakgaşçylygynyň, heýkeltaraşlygynyň, grafikasynyň, amaly-haşam sungatynyň orta asyrlar döwründen XX asyryň başyna çenli geçen taryhyny özünde jemleýär. Onuň I bölümi Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy (VII asyr–XX asyryň başy), II bölümi Orta Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy (IV asyr–XX asyryň başy), III bölümi Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy (VII asyr–XX asyryň başy), IV bölümi Uzak Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy (IV asyr–XX asyryň başy) diýlip atlandyrylýar. Kitabyň I bölümi arap ýurtlarynyň, Siriýanyň we Liwanyň, Yragyň, Müsüriň, Magrib ýurtlarynyň, Arap Ispaniýasynyň sungatyna degişli maglumatlary özünde jemlemek bilen, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhyna (VII asyr–XX asyryň başy) göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Orta Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy (IV asyr–XX asyryň başy) atly II bölüminde bolsa Eýranyň binagärligine, nakgaşçylygyna, amaly-haşam sungatyna, Türkiýäniň sungatyna, Azerbaýjanyň binagärligine, miniatýurasyna, amaly-haşam sungatyna, Orta Aziýanyň şekillendiriş sungatyna we amaly-haşam sungatyna, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň şekillendiriş sungatyna, Owganystanyň binagärligine we şekillendiriş sungatyna umumy häsiýetnama berilýär. Kitabyň III bölümi bolsa VII asyrdan XX asyryň başyna çenli Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň Hindistan, Nepal, Şri-Lanka (Seýlon), Indoneziýa, Mýanma (Birma), Kamboja, Wýetnam, Laos, Taýland ýaly ýurtlarynyň çeper eserleri baradaky taryhy maglumatlary özünde jemleýär. IV bölümde Uzak Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy (IV asyr–XX asyryň başy) Hytaýyň, Mongoliýanyň, Koreýanyň we Ýaponiýanyň sungaty arkaly seljerilýär. Okuw kitabynda peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy, şeýle-de Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungaty we binagärlik adalgalarynyň düşündirişli sözlügi we eserleriň suratlary berilýär.

Okyjylaryň Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhyna göz ýetirip, taryhy döwürleriň dowamynda emele gelen sungat ojaklarynyň, mekdepleriniň orny we täsiri barada maglumat almagy, olaryň Gündogaryň beýik sungat ussatlarynyň döreden mirasyna göz ýetirmäge mümkinçilik berer.

Hanmyrat Mämmedow,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

 Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş  kafedrasynyň IV ýyl talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok