Gülşirin Alijanowa aradan çykdy

Şu gün Türkmenistanyň Halk artisti, türkmen aýdym-saz we kino sungatynyň ussady Gülşirin Alijanowa 75 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Gülşirin Alijanowa Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, özüniň ussatlygyny görkezip dessine “Halk artisti” diýen hormatly ady alan ilkinji halypalardan biridir. Şol ýyllarda TSSR-iň Halk artisti Roza Hudaýberenowa hem ondan tälim aldy.
Gülşirin Alijanowa Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap şu güne çenli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly çykyşlary edip gelýän “Serpaý” ansamblynyň esaslandyryjysydyr.
Ussat halyp Baýram-Alynyň gonamçylygynda jaýlanyldy.
InAshgabat web saýty Gülşirin Alijanowanyň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýär.

Teswirler

Maysa Emınova

Ussat halypamyz Türkmenıstanyn halk artıstı Güişırın Alyjanowa türkmen sungatynyn ösdürmek ony dünya tanatmakda özünın gujur gayratyny gaygyrman zahmet çeken zenan bagşymyzdyr. Onun döreden eserlerı tazeden jan beren halk aydymlary turkmen halk estradasynda özünın öçmez yzyny goydy. Ady rowayata öwrülen Gülşırın halypamyz yurdumuzda ady bellı “Serpay” toparyny esaslandyryjy we toparda sungatyn duybunı tutujydyr. Halypanyn ses dıapazonynyn beyıklıgı,ses baylygynyn gınlıgı, owadanlygy, güyçlüdıgı bılen yerıne yetıren eserlerı halk ıçınde uly söyga we buysanja mynasyp boldy halk ona bu ussatlygy üçın General bagşy yagny bagşyçylyk sungatynyn ın yokary derejesınde ussady dıyen lakam berdı. Gulşırın Alyjanowa dıne aydym saz sungaty bılen dal de kıno we teatr sungatynda hem özünı tanadan aktrısadyr. Halypamyz yaşan we döreden döwründe dıne bır öz döredıjılıgı bılen meşgullanman eysem bırnaçe şagırtlerı yetışdırdı we özünın sungat ömrüne öçmejek yz goydy. Onun şagırtlerınden Turkmenıstanyn halk artıstlerı Lale Begnazarowa, Halbıke Dowyewa, at gazanan artıstlerı Maksat Garayew, Zuleyha Kakayewa we yenede bırnaçe sungat sütünlerı yurdumuzyn mıllı medenıyetını ösdurmekde hyzmat edyaler. Gülşırın Alyjanowa dıylende hıç bır kynçylyklaryn önünde ejızlemedık oz yurdy mahrıban watany üçın janyny gaygyrman zahmet çeken merdana zenan göz önüne gelyar. Mahrıban halypamyzyn ady bızın anymyzda ömürlık orun tutdy ol türkmen mıllı medenıyetını dunya yayan beyık sungat sutunı, halkyn bagşyçylyk sungatynyn öçmez odydur, türkmen halk estradasynyn düybünı tutujydyr. “ Türkmenhowayollary” agentlıgının “Laçyn” folklor toparynyn adyndan halypanyn ahlı dogan- garyndaşlaryna, muşdaklaryna, yakynlaryna bu uly yıtgı üçın çunnur gynanç bıldıryarın. Türkmenıstanyn sungatda at gazanan ışgarı, “Laçyn” folklor toparynyn çeper yolbaşçysy Maysa Emınowa.