Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji gününden başlap adamyň tebigata ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere ýol açyldy. Tebigy baýlyklarymyzy maksadalaýyk we halk bähbitleri üçin peýdalanmakda edilýän işler nusga alarlyk başlangyçdyr. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalaryň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze gurulýan önümçilik kärhanalarynyň bolsa ekologik talaplarynyň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. Öňde durýan esasy wezzipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllygyny ýokarlandyrmakdan, oba hojalyk we senagat önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiki abadançylygy üpjün etmek üçin ähli zeerur çäreleri amala aşyrylýar. Soňky ýyllaryň dowamynda ekologiki meselelere bagyşlanan sebit we halkara derejelerinde birnäçe ylmy maslahatlar geçirildi. Olara mysal edip “Sebitiň gurak ýerlerinde we Garagum çölündäki biosfera goraghanalary we Bütindünýä tebigy mirasyň ýadygärlikleri arkaly biologik dürlüligi gorap saklamak”, “Aziýanyň gurak we ýarym gurak zolaklarynda suw serişdelerini dolandyrmagyň baş ugry we tejribesi”, “Ekologiýa boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler” ýaly halkara ylmy-amaly maslahatlary görkezmek bolar.
Türkmenistanda ähli ykdysady-durmuş taslamalarynda ekologik howpsuzlyk ýagdaýy doly göz öňüne tutulýar. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän tehnologik we beýleki desgalaryň durkyny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýan zyýanyň öňini almagyň kämil tehnologiýalary hem-de tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.
Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygyny alandan soň tebigaty goramak bilen baglanyşykly iňňän möhüm kararlar, kanunlar we beýleki hukuk resminamalary kabul edildi. Şeýle kanunlaryň biri hem Milli tokaý maksatnamsynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegidir. Tokaýlar özleriniň ägirt uly ykdysady ähmiýetinden başga-da , biosfera, landşaftlar üçin zerur bolan geografik serişdeler hasaplanýar. Tokaýlar atmosfera howasyny fitonsidler bilen baýlaşdyrýar. Ýer ýüzündäki işjeň kislorodyň 60%-e golaýy hem tokaýlar tarapyndan berilýär.
Ýurdumyzda derýa jülgelerinde, çaýlymlarda, jeňňellikler ýaýrandyr. Bu ýerde tokaý agaçlarynyň düzümi dürli bolup, toraňňy, ýylgyn, igde, söwüt ýaly ösümlikler tokaýlygy emele getirýär. Tokaýlar ýurdumyzyň milli baýlygy hasaplanýar. Çöl klimat şertleri mahsus bolan ýurdumyzda tokaýlar ilatly ýerleri we ekin meýdanlaryny ýalynly epgeklerden, güýçli ýellerden we tozanlardan goramakda, adamlar we haýwanlar üçin amatly mikroklimaty döretmekde iň netijeleri serişdeleriň biri hasaplanýar. Mundan başga-da tokaýlar hojalyk we sagaldyş-dynç alyş ähmiýetine hem eýedir.
Türkmenistanyň Milli Tokaý maksatnamasy tokaý babatdaky hukuk kadalary has giňeldip, onda eziz Watanymyzyň gymmatly milli baýlygy hasaplanýan tokaýlar abat saklamaga, goramaga, peýdalanmaga we üzüksiz köpeltmäge degişli hukuk düzgünleri jikme-jik beýan edilýär. Bu maksatnama hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, raýatlarymyz üçin amatly we ekologik taýdan abadan daşky gurşawy boýunça alyp barýan giň möçberli il-ýurt bähbitli syýasatyna saldamly goşant bolup hyzmat edýär.
Merjen Agaýewa
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Teswirler
Ustunde işlenilipdir .. Maglumatlar gowy ýerleşdirilipdir Sözleriñ sazlaşygy gowy