Türkmenistanda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ekologiýany arassa we aýawly saklamak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Emma şeýle-de bolsa “plastik” meselesi dünýäniň ünsüni özüne çekýän (global) mesele bolup durýar. Plastiki gaplar ýaksaň howany, gömseň topragy, zyňsaň tebigaty zäherleýär.
Şu zatlary göz öňünde tutup “ÝEDIDOGAN” hususy kärhanasy plastik gaplaryň ornuny tutup biljek tebigy taýdan arassa kagyz torbalary öndürýär. Bu kagyz torbalardyr, haltalar tebigy taýdan arassa, saglyga zyýansyz, daşky gurşawa zyňylan ýagdaýynda hem bary-ýogy 3 aýyň dowamynda ýitip dargap gitýär. Kärhananyň öndürýän önümleri agaçdan ýasalyp organiki häsiýete eýedir.
“ÝEDIDOGAN” hususy kärhanasy barada aýdanymyzda bolsa bu kärhana 2005-nji ýylyň 10-njy iýunynda açyldy. Gysga wagtda bu kärhanadan çykýan kagyz önümleri bazarlarda, marketlerde we dükanlarda öz ornuny tapdy. Kärhana aýda 2’000’000 sany kagyz haltalary, 5’000’000 sany kagyz torbalary öndürýär.
“Men uly gyzyklanma bilen kärhanaň adyny näme üçin “ÝEDIDOGAN” goýduňyz?” – diýip sorag berenimde, hususy kärhananyň eýeleri ýylgyryp…
“Sebäbi biziň özümiz Ýedi dogan” diýip jogap berdiler.
Atajan Eýýupow
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby
Teswirler