BITARAP WATANYMYZYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda
2020-nji ýylyň mart aýynyň 23-ne “Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” atly talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty eserleriniň hem-de sungaty öwreniş işleriniň taslamalary görkezilýär. Görkeziljek eserlerde Bitarap Watanymyzyň waspy şekillendirilýär. Ol eserlerde bitarap, abadan, parahatçylykly durmuşymyzyň çeper keşplerini görmek bolýar.

Döredilen bu ajaýyp eserlere ser salanyňda türkmen halky ajaýyp bagtyýar Watanda ýaşaýandygyny duýmak bolýar. Bu bolsa her bir ynsan kalbyny heýjana getirýär. Şeýlelikde, bu eserler tomaşaçyda uly gyzyklanma döredýär. Geçirilýan “Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” atly sergisi öz işini dowam edýar.

Maýsa Ataýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok