AŞGABATLYLARYŇ DURMUŞYNDAN: BAHAR ÇAGY!

«Bahar geldi»

Tolkun atyp bulut gelýär
Ýerli dynman ýagyş ýagýar
Meýdan gözel görke gelýär
Bu gün bize bahar geldi.

 Daş töwerek güller açýar
Gara bulut nogul seçýär
Asmandaky bulut göçýär
Pasyllaň soltany geldi.

Oglan, gyzlaň göwün hoşy
Sag bolsunlar olaň başy
Uzak-uzak bolsun ýaşy
Bu gün gözel bahar geldi.

Daýhan ekiş şaýyn tutdy
Säher bilen işe gitdi
Maksat myradyna ýetdi
Bu gün ekiş wagty geldi.

Baba-daýhan ekin eksin
Biriň müňläp ýüze çyksyn
Gün nuryn äleme döksün
Bu gün bize bahar geldi

Giden meýdan bereketdir
Çekseň zähmet hereketdir
Ýyl ahyrda rehmetdir
Bu gün bize bahar geldi.

Guşlar saýrap berýär ýagşy
Bagt sazyn çalsyn bagşy
Sen görmersiň beýle düýşi
Bu gün bize bahar geldi.

Hydyrow Amanmuhammet,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Il ýaşulsy,
Türkmenistanyň aşgabatdaky ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymy.

Aşgabat, 2019 ý.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok