AŞGABATDA HALKARA NOWRUZ BAÝRAMÇYLYGY BELLENILDI

Zeminiň gül-gülälege bürenip, ýürekleriň heýjana gelýän günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem Milli bahar baýramyny täsirli çäreler, şowhunly dabaralar, uly şatlyk-şagalaň bilen bellediler. Garagum derýasynyň kenarynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda toýlanan Milli bahar baýramyna gelen adamlar özboluşly gözelligiň şaýady boldular.  Baýramçylyk dabaralary geçirilýän meýdançada, ilki bilen, ýurdumyzyň tans toparlary bilelikde dünýä halklarynyň tanslaryny ýerine ýetirdiler. Soňra folklor toparlary milli gymmatlyklarymyzy wasp etseler, çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary bagtyýarlyk owazlaryny belent ýaňlandyrdylar. Bäşim Nuraly adyndaky çagalar sungat mekdebinde bilim alýan okuwçylar çeken suratlaryny, ýasan küýzelerini Nowruz gözelliklerine bagyşladylar.

Mälim bolşy ýaly, 21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Baýramçylyk çykyşlarynda baharyň gözelligi, ynsanlaryň tebigata söýgüsi şöhlelendirildi. Bu ýerde Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi Ýazbike Öwezowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Halkara Nowruz baýramynda türkmen milli göreşi, ýaglyga towusmak, para, tanap çekmek ýaly milli oýunlarymyz bilen birlikde, çagalaryň arasynda şaşka, düzzüm, takylatdy, çilik ýaly oýunlar boýunça ýaryşlaryň, görkezme çykyşlaryň geçirilmegi oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň takylatdy milli oýnumyz bilen gyzyklanmaklary bizi diýseň buýsandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän toýdur baýramlarymyzda dabara gatnaşyjylary milli oýunlarymyz bilen tanyşdyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň, şeýle-de ussat zergärleriň, heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň, halyçylaryň, şeýle-de senetçileriň baýramçylyk sergisi guraldy. Olar öz eserlerini bahar paslyna hem-de ene topragyň gözelligine, halkymyzyň baýramçylyk däplerine bagyşlapdyrlar.

—Milli bahar baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk dabarasyna Aşgabat şäher medeniýet müdirligine degişli bolan çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary hem işjeň gatnaşdylar.

Soňra Garagum derýasynyň kenarynda bezemen sahnada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giňden orun berildi. Olar ýerine ýetiren şowhunly çykyşlary arkaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze röwüşde bellenýän Halkara Nowruz baýramyny, bahar paslyny, tebigat gözelliklerini, halkymyzyň bu günki eşretli döwrüni belent wasp etdiler. Ýaşlar bu ýerdäki hiňňildikde uçup şatlandylar.

Nowruz adamlary ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär we birleşdirýär. Muňa baýramçylyk dabarasy hem şaýatlyk etdi. Dabaranyň dowam edýän pursady bahar ýagşy nur bolup ýagdy. Nowruz gününde ýagan ýagyş bereketli hasyly, ähli işlerde rowaçlygy we üstünligi wada berýär.

— Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýen halk pähimi bar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň Nowruz baýramy bize dabaraly, ýatdan çykmajak wakalary peşgeş berdi, munuň özi tutuş ýylyň düşümli, döwletli hem bereketli boljakdygyndan habar berýär. Nowruz köp öwüşginli gadymy däplere baýdyr. Ol Ýer ýüzünde iň gadymy Täze ýyl baýramy bolup, onuň kökleri uzak müňýyllyklara uzaýar. Nowruz Zeminiň köp halklarynyň medeniýetinde we taryhynda döreýşiň nyşanydyr, onuň özeninde döredijilikli zähmetiň we yhlasyň gözbaşy, mähriban topraga söýgi hem-de ynsanyň belent maksatlara ymtylmasy jemlenendir.

Men bu baýramçylyga «Geldi Nowruzym» atly aýdymy sowgat getirdim. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar bu aýdymy gyzgyn garşyladylar. Milli baýramlarymyzy ýokary derejede bellemäge mümkinçiligimiz bar. Biziň her birimize toýly günlerde didarlaşmak nesip etsin! — diýip, Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa baýramçylyk dabarasynda ýürek joşgunyny biziň bilen paýlaşdy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde belent watançylyk heňinde ýaňlanan «Arkadag» aýdymy bilen baýramçylyk dabarasy jemlendi. Oňa gatnaşanlar toýlary toýa ulaşýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan milli Liderimize sagbolsun aýdyp, tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok