Milli däplere ýugrulan baýram

Nowruz türkmen halkynyň milli däplerini özünde jemleýän ajaýyp baýramçylyklaryndan biri bolup durýar. Megerem, Ýer ýüzünde iň gadymy “täze ýyl – Nowruz” bolsa gerek. Bu baýramçylygyň manysy tebigat bilen ynsanyň özara gatnaşyklarynyň doly sazlaşyp, gije hem gündiziň deňleşip, oýanyşyň we täzelenişiň gelýän wagtyny aňladýar.
Nowruz – baharyň dirilişiniň baýramy. Biziň sähra göwün pederlerimiz pasyllaryň soltany baharda ýeriň damaryna dirilik keramatyny, ynsanlaryň kalbyna joşgunly hyjuwy bagş edip, ýaýlymly ýaýlalary gülüstanlyga gurşaýan Nowruza sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Elbetde, Nowruzy toý bilen garşylamak ata-babalarymyzdan däp bolup, häzirki günlere çenli gelip ýetipdir. Bu günki günde türkmen halky bir saçagyň başyna jem bolup, agzybirligiň parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy bolan “Milli bahar baýramy – Nowruzy” uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Milli Bahar baýramyňyz gutly mübärek bolsun. Güler ýüzüňiz bahar bägülleri ýaly ýylgyryp dursun, göwünleriňiz türkmen sährasy ýaly giň bolsun! Mährem ojaklaryňyzda çaga gülküsi hemişe ýaňlanyp dursun!

InAshgabat döredijilik topary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok