“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň milli Bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna bagyşlanýar.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryna esaslanýan öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde her ýylyň güýz we ýaz möwsümlerinde mukaddes türkmen topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmeklik maksady bilen guralýan ählihalk bag ekmek dabarasy – BMG-niň durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň, Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny saklamagyň, hem-de daşky gurşawy goramagyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli işlerine ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde yzygiderli goşýan çäksiz goşandygynyň özboluşly bir alamatydyr.
Bu babatda milli Liderimiz özüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” atly ajaýyp kitabynde: “Saýlap alan daşary syýasatynda öz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly Türkmenistan dünýäde durnuklylygy saklamagyň, daşky gurşawy ygtybarly goramagyň tarapdary bolup çykyş etmek bilen, bu ugurdaky möhüm halkara Konwensiýalaryny we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryny goldaýandyr”[1] – diýip, örän jaýdar belleýär.
Çünki, biziň ýurdumyz 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan badyna, bu ýokary guramanyň şol ýylyň iýul aýynda kabul eden Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna[2] hem-de Biologik köpdürlilik baradaky konwensiýasyna[3] goşulmasa-da, onuň many-mazmunyny ata-babalarymyzyň “Bagym bar – bossanym bar” diýen ajaýyp aýtgylary bilen utgaşdyrmaklyk bilen, özüniň içeri we daşary syýasatynyň düýp esas özeni hökmünde saýlap aldy. Ýagny, 1992-nji ýylyň 9-njy noýabrynda[4]
Türkmenistanyň Hökümeti “Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek hakynda” ýörite Karar kabul etdi. Bu Karara laýyklykda her ýylyň güýz we ýaz möwsümlerinde agaç nahallaryny oturtmak, ozal bar bolan baglary hapa-haşal otlardan arassalamak, suwarmak hem-de agaçlaryň düýbüni ýumşatmak ýaly işleri geçirmeklik bellendi[5].
Munuň asyl sebäbi bolsa, Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýanyň[6] hem-de Biologik köpdürlilik baradaky konwensiýanyň[7] BMG tarapyndan kabul edilen mahalynda, ýagny 1992-nji ýylyň iýul aýynda biziň ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Helsinkide geçen maslahatyna gatnaşyp özüniň baky Bitarap döwlet bolmaklyk meýliniň bardygyny bütindünýä jar etmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, biziň ýurdumyz BMG-niň 1985-nji ýylda kabul eden Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna[8] 1993-nji ýylda, 1987-nji ýylda kabul eden Ozan gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň London düzedişlerine[9] 1994-nji ýylda goşulmaklyk bilen, özüniň daşky goramak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky işjeňligini görkezdi.
Türkmen halkymyz iş ýüzünde özüni görkezip, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny BMG tarapyndan ykrar etdireninden soň, 1995-nji ýylyň 5-nji iýunynda Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa, 1996-njy ýylyň iýunynda bolsa Biologik köpdürlilik baradaky konwensiýa, goşulýar. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz BMG-niň 1994-nji ýylda kabul eden Çölleşmä garşy göreş baradaky konwensiýasyna[10] 1996-njy ýylyň iýunynda goşuldy. Bu konwensiýalaralara laýyklykda, Aşgabadyň howa giňişligini arassalamaklyklyk maksady bilen, 1998-nji ýylda Köpetdagyň eteginde baglyk zolagy döredilip başlandy. 1999-njy ýylda “Gök guşak” paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bilen, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda agaç nahallaryny oturtmak hem-de baglara ideg etmek has-da ýaýbaňlandyryldy.
2003-nji ýylda kabul edilen Daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň milli Maksatnamasyna laýyklykda, 2007-nji ýylda ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek işiniň täze tapgyry başlandy. Bu milli Maksatnamanyň esasynda, 2009-njy ýyla çenli Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň esasy bölegi, öz düzümindäki tokaý hojalyklaryna degişli bolan “Gök guşak” paýdarlar jemgyýeti öz işini bes etdi. Häzirki wagtda bolsa ýurdumyzyň ähli tokaý hojalyk kärhanalarynyň aýratyn goralýan tebigy ýerleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine degişli edilmegi, bu ugurdaky işleriň has giň gerimde alnyp barylmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döremegine getirdi.1998-nji ýyldan – 2014-nji ýyla çenli Köpetdagyň eteginde, Aşgabadyň we beýleki iri şäherleriň töwereginde 100 müň gektardan-da geçýän meýdanlarda pürli we saýaly agaçlaryň 70 milliondan gowrak nahallary oturdylan emeli tokaý zolaklary döredildi[11].
Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy kabul edildi. Bu resminama tebigy tokaýlyklary gorap saklamak, olaryň tutýan meýdanyny giňeltmek bilen bir hatarda, emeli tokaý zolaklaryny döretmeklige hem gönükdirilendir. Milli maksatnama tokay baýlyklaryny gorap saklamak, şeýle hem olaryň meýdanyny giňeltmek hem-de tokaýçylygy dolandyrmak bilen bagly meseleleriň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin hereketleriň meýilnamasy girizildi. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda bolsa täze rejelenen görnüşde 15 bapdan we 65 maddadan ybarat bolan Türkmenistanyň Tebigaty goramak hakyndaky Kanuny kabul edildi.
Bu kanun tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýene-de şu ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Ekologiýa seljermesi hakynda kanuny kabul edildi. 7 bapdan, 35 maddadan ybarat bolan bu kanun ekologiýa seljermesi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we meýilleşdirilýän hojalyk hem-de beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir. 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Ekologiýa howpsuzlygy hakynda kanuny kabul edildi.
Bu kanun milli Liderimiziň “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täsin kitabynda belleýşi ýaly, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşy üçin möhüm isleglerini üpjün etmäge, daşky gurşawy adamyň we tebigatyň täsiri netijesinde döräýän howpdan goramaga gönükdirilendir[12].
BMG-niň daşky gurşawy goramak babatdaky birnäçe konwensiýalary esasynda kabul edilen bu kanunçylyk namalary mukaddes Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmeklikde, türkmen tebigatyny gözümiziň göreji deýin aýawly saklamakda esas bolup hyzmat etmeklik bilen, ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde ekologiýa howpsuzlygy babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň bütindünýä ykrarnamasydyr. Ine, resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmeklik maksady bilen, 2015-nji ýyldan başlap her ýylyň ýaz we güýz bag ekiş möwsümlerinde paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda agaç nahallarynyň 3 million düýbüni oturmaklyk bellenildi.
Soňky ýyllarda ýazky bag ekiş möwsüminiň milli Bahar baýramy bolan halkara Nowruz gününde geçirilmeginiň özboluşly bir däbe öwrülmegi, ählihalk ýogarynyň many-mazmuny has-da baýlaşdyrdy.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan. – A. TDNG. 2014. 26-njy sahypa.
[2]Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 361-nji sahypa.
[3]BMG-niň biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň çözgütlerini milli derejede amala aşyrmak boýunça bäşinji hasabat. “Ylym” neşirýaty. A.: 2014. 7-nji sahypa.
[4] Täze oba syýasaty. A.: Magaryf, 1993. 19-njy sahypa.
[5] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 362-nji sahypa.
[6]Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 362-nji sahypa.
[7] BMG-niň biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň çözgütlerini milli derejede amala aşyrmak boýunça bäşinji hasabat. “Ylym” neşirýaty. A.: 2014. 7-nji sahypa.
[8] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 362-nji sahypa.
[9] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 362-nji sahypa.
[10] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 362-nji sahypa.
[11] BMG-niň biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň çözgütlerini milli derejede amala aşyrmak boýunça bäşinji hasabat. “Ylym” neşirýaty. A.: 2014. 7-nji sahypa. 14-15-nji sahypalar.
[12] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. TDNG. A.: 2018. 356-njy sahypa.
Teswirler