Gylyçlar çaknyşdy

19-njy martda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadionynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Çempionatyň dowamynda ýaragyň şpaga, rapira, gylyç görnüşleri boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda şahsy we toparlaýyn görnüşde ýaryşlar geçirildi.

Şahsy geçen ýaryşlarda ýaragyň şpaga görnüşi boýunça erkekleriň arasynda Jumanazar Döwletnazarow, zenanlaryň arasynda bolsa Gülperi Rejepowa ýeňiji boldy.

Rapira görnüşi boýunça erkekleriň arasynda ýene-de Jumanazar Döwletnazarow, zenanlaryň arasynda bolsa Laçyn Ýegenmämmedowa tapawutlandy.

Gylyç görnüşde geçen ýaryşda bolsa, Danil Anikin erkekleriň arasynda, Nabat Arazowa zenanlaryň arasynda ýeňiji bolmagy başardylar.

Şeýle-de, çempionatyň toparlaýyn görnüşinde erkekleriň arasynda Balkan welaýatynyň ýygyndy topary rapiradan, Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary şpagadan, Mary welaýatynyň ýygyndy topary bolsa gylyçdan birinji orny eýeledi.

Toparlaýyn görnüşde zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa ýaragyň ähli görnüşinden hem Balkan welaýaty ýeňiji bolmagy başardy.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok