TSTB-nyň 12 ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahat geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen sergide hususy pudagyň ýeten ykdysady sepgitleri, içerki we daşarky bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin telekeçileriň hödürleýän ýokary hilli hyzmatlaryň we önümleriň köpdürlüligi, şeýle-de ýerli kärhanalaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde goşýan goşantlary görkezilýär..

Sergide dürli pudaklarda işleri ýerine ýetirýän 200-den gowrak TSTB-nyň agzalary gatnaşýar. Şol sanda “Toý zaman”, “Diýar guşy“, “Nurganat”, “Ter önüm“, “Derýa Plastik“, “Ýedidogan“, we birnäçe beýleki kärhanalar öz önümlerini hödürlediler.

Bu gezekki sergide syýahatçylyk pudagyna degişli kärhanalar aýratyn üns çekýär. Ýaňy ýakynda hususy eýeçilige geçen “Daşoguz syýahat“, “Lebap syýahat“, “Balkan syýahat”, “Mary syýahat”, “Ahal syýahat” we TSTB-nyň garamagyndaky “Aşgabat syýahat” we “Rowaç syýahat” syýahatçylyk operatorlar birleşmäniň agzasy hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar. “Kemerli daglar“, “Güneşli syýahat“, “Bagtyýar dostlar“, “Jeýhun Travel” ýaly kärhanalar hem öz syýahatçylyk hyzmatlaryny sergä çykardy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok