ÝAŞ ZEHINLERIŇ ÜSTÜNLIGI

Şu gün paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen geçirilýän zehin bäsleşiginiň çägindäki taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary boýunça geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän bäsleşige 155 okuwçy özleriniň 93 sany taslama işleri bilen gatnaşdy. Olaryň birnäçesi barada gürrüň etsek, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Göwher Hallyýewa özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» seýilgähiniň gurulmagy türkmen zenanlaryna bolan hormatymyzdyr» atly taslamasy bilen gatnaşýar. Onuň taslamasynyň maksady ady agzalan seýilgähde edebiýatda, sungatda yz goýan zenanlarymyzyň heýkellerini ýerleşdirmek; zenan mertebesini sarpalamak, zenanlaryň jemgyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak bolup durýar. Taslamanyň ähmiýetli tarapy seýilgähde ýerleşdirilen yşyklaryň günden energiýa almagy, şeýle-de seýilgähe gelýän dürli ýaşdaky ildeşlerimiz üçin kitaphanalaryň hereket etmegi. Onuň täzeçilligi barada aýtsak, onda edebiýatyň we sungatyň ösmegine uly goşant goşan zenan şahsyýetlerimiziň heýkelleriniň birinji gezek dikeldilmegi hem-de seýilgähdäki desgalaryň döwrebaplygydyr.

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Dünýä Ekäýewa bilen Bägül Seýitmyradowanyň bilelikde taýýarlan «Bürünç eýýamynda paýtagtymyzyň binagärçilik medeniýeti (Akdepäniň mysalynda)» atly taslama işleri hem bellenilmäge mynasyp. Taslamanyň maksady Akdepäniň taryhyny, binagärlik medeniýeti we meňzeşliklerini açyp görkezmek hem-de öwrenmek, toplanan maglumatlar esasynda onuň Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky tutýan ornuny kesgitlemek bolup durýar. Taslamanyň täzeçilligi Akdepäniň taryhy aýdyňlaşdyryldy. Onda geçen döwürlerde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryşlara, olaryň netijelerine, taryhçy alymlaryň bu ugurdaky zähmetlerine baha berildi. Ýadygärligiň bagtyýarlyk döwrümizde öwrenilişi hakyndaky maglumatlar beýan edildi, şeýle-de Akdepede ösen maddy medeniýetiň bolandygy ýüze çykaryldy, onda binagärçilik gurluşynyň aýratynlyklary kesgitlenildi, Akdepäniň uzak taryhy döwürde — neolit döwründen tä giçki orta asyrlara çenli bolan döwürde birnäçe medeni gatlaklary özünde jemländigi beýan edildi. Okuwçylaryň taslama işleriniň netijesinde paýtagtymyzyň taryhyny öwrenmek häzirki günlerimizde örän uly ähmiýete eýedir. Aşgabadyň günorta-gündogarynda saklanyp galan ýadygärlik bolan Akdepäniň taryhy Aşgabadyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa Akdepäniň giňden öwrenilmeginiň zerurdygyny görkezýär. Aşgabadyň döränine 2500 ýyla golaý wagt geçipdir. Muňa garamazdan paýtagtymyzyň çäklerinde ilkinji oturymly ýerler 6-7 ýyl mundan ozal (b.e.öň V müňýyllykda) ýüze çykypdyr.   

Bäsleşigiň ahyrynda eminleriň gelen netijesine laýyklykda tebigy ugur boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Soltan Döwranow bilen paýtagtymyzdaky Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Yslam Mämmetgulyýew bilen Gunça Seýtiýewa, takyk ugurlary boýunça Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahawetdin Annanyýazow, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Hojamämmet Hojadurdyýew bilen Maksat Gurbanýazow, ynsanperwer ugurlary boýunça Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiniň okuwçysy Laçyn Galandarowa bilen şol welaýatyň Darganata etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Merjen Aýytgulyýewa dagy ýeňiji bolmagy başardylar. Taslama bäsleşiginde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Biz hem, ylym dünýäsiniň uçgunlaryny gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara okuwlarynda üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäwris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok