TÜRKMEN SPORTUNYŇ WASPY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2020-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna sagat 15:00-da “Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen sporty” atly döredijilik sergisi açylýar. Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, binagärlik we dizaýn eserleriniň gözleg taslamalary görkezilýär. Görkeziljek eserlerde türkmen sportunyň waspy öz beýanyny tapýar. Sportuň dürli görnüşleri: küşt, ýeňil we agyr atletika, futbol, woleýbol, basketbol, tennis, konkur we türgenleriň çalasynlygy, hüşgärligi gözleg taslamalarynda suratlandyrylýar.

Döwrüň sesine ses goşýan şekillendiriş sungatynyň wekilleri hem türkmen sportunyň ösüşini, türgenleriň gazanýan ýeňişlerini, sportuň adam saglygyna uly peýdasynyň bardygyny wasp edýän ajaýyp eserleri döredýärler. Ol ajaýyp eserler bolsa her bir tomaşaçada uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda açyljak “Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen sporty” atly sergä tomaşa etmäge çagyrýarys!

 Ýazgül Beginýazowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok