Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň 30-dan gowrak okuwçylary Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenç etdiler.
Okuwçylar bu ýerdäki dürli sebitlere degişli haýwanlar bilen tanyş boldular. Topara bu mekdebiň taryh mugallymy Babaýew Kerim ýolbaşçylyk etdi.
Janly tebigatyň Milli muzeýi 2010-njy ýylda gurulyp ulanylmaga berildi. Haýwanat bagy Köpetdagyň eteginde 40 gektar ýerde ýerleşýär. Bu ýerde dürli yklymlara degişli haýwanlary saklama oňaýly howa şertleri, fauna we flora bar. Muzeýde ýabany we eldeki haýwanlaryň, guşlaryň, sürenijileriň, balyklaryň 250 görnüşinden gowragy bar. Olaryň köpüsi Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizilendir.
Haýwanat bagy “afrikan sawannasy”, “ýyrtyjy haýwanlar”, “toýnakly jandarlar”, “guş bazary”, “haýwanlar muzeýi” ýaly zolaklara bölünýär. Bu ýerde Günorta Afrikanyň haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri, Türkmenistanyň daglyk, çöllük, suwlyk we tokaýlyk künjeklerinde ýaşaýan jandarlarynyň dürli wekilleri bar, olar milli goraghanalaryň we zakaznikleriň gymmatly genofondydyr.
Gezelenç “Kemerli daglar” syýahatçylyk kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Kärhananyň ýolbeletleri Seýidow Isgender we Artur Annamyradow ýaş tebigatsöýerlere bu ýerdäki haýwanlar we olaryň ýaşaýyş gurşawlary barada gyzykly gürrüňler berdiler.
Teswirler