Daşoguz şäherinde möhletli okuwlar rowaçlanýar

Daşoguz şäherinde ýerleşýän “Bagtyýar eýýam” okuw merkezi ilkinji okuw tapgyryny tamamlady. Täze tapgyra bolsa isleg bildirýänleriň sany barha artýar.

Merkeziň ilkinji möwsüminde 200 töweregi diňleýji iňlis dili, rus dili we matematika boýunça bilim aldy.

Merkeziň ýolbaşçysy Maşalowa Jahan okuwlaryň görünşiniň öňümizdäki okuw möwsümlerde köpeldiljekdini beýan etdi.

“Häzirki wagtda matematika okuwlary diňleýjileriň islegi esasynda türkmen, rus ýa-da iňlis dilinde öwrenmäge mümkinçilik bar. Bu bolsa häzirlikçe Daşoguz şäherinde ilkinji gezek hödürlenýän artykmaçlyk,” diýip J. Maşalowa belledi.

Şeýle-de bu okuw merkeziň gysga wagtda ýeten sepgitleri, raýatlatyň bildiren uly islegi sebäpli onuň esaslandyryjysy Jahan Maşalowa “Ýylyň telekeçi zenany – 2020” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat ýeňijisi baýragyna mynasyp boldy, hem-de milli finalist bolup Aşgabatdaky jemleýji tapgyra gatnaşdy.

Şeýle-de Daşoguz welaýatynda “Telekeçiler mekdebi“, “Zehinli nesil”, “Çäre” HK, “Hemaýat”, “Mynasyp ýol” okuw merkezi öz möhletli okuwlaryny raýatalara hödürleýär.

TSTB-nyň “Telekeçiler mekdebiniň” Daşoguz şäherindäki şahamçasy kompýuter sowatlylygy, nemes dili, hytaý dili, myhmanhana serenjamçylygy, gid terjimeçi, ofisiantlyk hünärine giriş okuwlary üçin täze okuw möwsümine ýazylşyk başlady.

“Mekdebizde raýatlary önümçilik kärhanalarynda zähmet çekjek hünärmenleri, geljekki telekeçileri ýokary derejede ýetişdirmek, daşary ýurt dil bilimini, hünär başarnyklaryny, kanuny esaslar barada sowatlylygyny üpjün etmek üçin köp ugurlar boýunça okuwlar hödürlenýär,” diýip Telekeçiler mekdebiniň Daşoguz şäherindäki şahamçasynyň ýolbaşçysy Jumageldi Baýramow nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda esasynda hususy eýeçilige degişli bilim ojaklarynyň orny barada aýratyn bellenilip geçilýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok