Oksford uniwersitetiniň neşriýaty bolan Oxford University Press guramasynyň Türkmenistandaky wekili “Päk nesil” hojalyk jemgyýeti özüni esasy binasynda daşary ýurt dilleri, matematika we kompýuter sowatlylygy boýunça möhletli okuw merkezlerde zähmet çekýän mugallymlar üçin seminarlar seriýasyny geçirdi.
Seminarlara “Päk nesil” okuw merkeziniň 3 şahamçasynyň hem-de “Zehin ýoly” okuw merkeziniň Aşgabatdaky şahamçasynyň mugallymlary gatnaşdy.
Bu duşuşyklar mugallymlaryň usulyýet baradaky tejribe alyş-çalyşy üçin her okuw möwsüminde geçirilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň Milli konsepsiýasy esasynda döwrüň talaplaryna laýyk döwrebap bilim berýän bu okuw merkezlere raýatlardan isleg barha artýar.
Teswirler
Kim name nire diylen soroglara jogap yazylmandyr. Kimler gurledika seminarda, haysy senede, haysy metodika/ugur boyunça seminar berdilerka?!