Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitabyna, hem-de türkmen halkynyň “Paýhas çeşmesi”, “Türkmen halk nakyllary” diýen gymmatly edebi mirasyna ser salanyňda, zenan we onuň durmuşdaky tutýan orny, şeýle-de ynsan kalbynda, umumadamzat dünýägaraýşynda keramata öwrülen ene mukaddesligi barada beýan edilen diýseň täsin tymsallar, çuň manyly taglymatlardyr, atalar sözleri her bir okyjynyň aňyýetinde üýtgeşik bir pikir-terbiýe kämilligini kemala getirýär.
Çünki, zenan diýen ajaýyp adyň eýesi bolan mähriban ynsan her bir türkmen maşgalasynyň göz-guwanjy, ruhy galkynyşynyň badalgasy bolup, öz öý-ojagynyň durmuşyny baý many-mazmuna öwürýän mähir-muhabbet akabasydyr.
Hut şu nukdaýnazardan-da, zenana bolan söýgä türkmen halkynda bolşy ýaly, bütindünýä jemgyýetçiliginde hem umumadamzat taryhynynyň çür başyndan gözbaş alýan tebigy kanunalaýyklyk hökmünde garalypdyr.
Zenanlaryň öý hojalyk we el işlerindäki, perzent terbiýelemekdäki, ýanýoldaşyna wepaly hyzmat etmekdäki ýigitlere garanyňda artykmaç hereketi, ukyp-başarnygy XIX-XX asyrlaryň halkara hukukşynaslarynda olaryň döwlet gullukçysy wezipesiniň hem hötdesinden geljekdigi babatda diýseň uly ynam döredipdir we bu babatda degişli hukuknamalary işläp taýýarlanylypdyr.
Şeýlelikde, bütindünýä zenanlarynyň ýigitler bilen hukuklarynyň deňleşip, ýigitler bilen birhatarda döwlet gullugynda işläp başlan ilkinji güni şanly sene – 8-nji mart halkara zenanlar güni hökmünde taryha giripdir.
1924-nji ýylda halkara güni bolan 8-nji martyň biziň ýurdumyzda-da ilkinji gezek baýram edilmegi jemgyýetçilik-syýasy durmuşda türkmen zenanlarynyň işeňňirliginiň ösmegine uly täsir etdi[1]. 1925-nji ýylyň 8-nji martynda bolsa bu şanly sene mynasybetli türkmen zenanlarynyň ilkinji gezek Bütintürkmenistan I gurultaýy geçirilýär[2].
Şeýlelik bilen, biziň halkymyz zenanlar baýramyny daşary döwletler bilen bir hatarda her ýylyň 8-nji mart güni halkara derejesinde belläp geçýär. Munuň özi bolsa, biziň halkymyzyň BMG-niň çäklerinde hemişelik Bitaraplyk derejämiziň hukuk ýagdaýlaryndan gelip çykýan wezpelerine laýyklykda halkara hukuk kadalaryna ygrarlydygyny görkezýär. Çünki, milli Konstitusiýamyzda, Türkmenistanyň Raýat, zäkmet, maşgala, we saýlaw kodekslerinde, şeýle-de Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde zenanlaryň ýigitler bilen deňhukuklylygy, olaryň dynç almagy, zähmet çekmegi, maşgala ýagdaýyna laýyklykda öz maýyna görä hereket etmegi üçin ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň alyp barýan Döwlet syýasatynyň saýasynda köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelere “ene-mähri” ordeni we ýaşaýyş jaýy, ýurdumyzyň döwlet gullugynda, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlarymyza bolsa “zenan kalby” medaly gowşurylyp, diýseň uly sylag-hezzet edilýär.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.
[1] T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010. 117-nji sahypa.
[2] T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010. 118-nji sahypa.
Teswirler