Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiň Permany bilen sekiz we şondan köp çagaly zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly adyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Baýramçylyk gününde hormatly ada mynasyp bolan enelerimiziň käbirleriniň ýürek buýsanjyny InAshgabat internet saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris.
Aýna ANNAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan öý hojalykçy:
— Öýlerde gülden görkli çagalaryň şadyýan gülküleriniň eşidilip durmagy bagtlylykdan nyşan. Halkymyzda arzuw edilende: «Sallançagyňyzyň bady ýatmasyn!», «Goşa-goşa ogluňyz, ekiz gyzlaryňyz bolsun!», «Öýüňizde mydama çaga gülküleri ýaňlanyp dursun!» diýen ajaýyp arzuwlar edilýär. Şeýle arzuwlanýan öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy bolan çagalaryň sagdyn ösüp kemala gelmekleri, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Olary sanasaň sogaby bar diýleni.
Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda köp çagaly enelere «Ene mähri» hormatly ady dakyldy. Bu şatlykly pursat her bir enäniň kalbynda ýatdan çykmajak bagtly pursatlary emele getirdi. Maňa hem şeýle bagtdan paýly bolmak nesip etdi.
Eneleriň bagtyýarlygy, çagalaryň şadyýanlygyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň gülletmek ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Merjen MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy:
— Ene bolmak bagty söz bilen beýan edip bolmaýan, aýdym bilen waspy dünýä sygmaýan gudratdyr. Ony diňe ene bolup duýup bolýar. «Enäniň mukaddesligini, enäniň gadyryny ene bolanyňda bilersiň» diýilýän jümläniň hakykatdan daş däldigine, megerem, ilkinji perzende ýüzi düşen gelinler aňryýany bilen düşünýändirler. Ene mukaddesligine, keramatyna göz ýetirýändirler. Hudaýa şükür, meniň hem sekiz perzendim bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda köp çagaly eneler hakynda uly alada edilýär. Olara hormatly atlar dakylýar, Şa serpaýlary gowşurylýar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly meniň üçin hem iň bagtly ýyllaryň biri boldy. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda sekiz we şondan köp çagaly eneler bilen birlikde maňa hem «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylyp, Şa serpaýy gowşuryldy. Hiç wagt ýadymyzdan çykmajak bu şatlykly, bagtly pursat ömrümiziň sahypalarynda müdimilik galar. Şeýle bagty, bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Teswirler