Bu dünýäde iň eziz ynsan,
ol enedir..
Jennet enaň özidir. Iň uly mähir berýan ynsanda enedir.Olarr bizi dünýä getirip, ak ýuwup ak darap, ösdürip ulaltdylar. Menden hem
“Dünýäde iň eziz ynsan kim”? diýip sorasalar
“Meniň ejem” diýip jogap bererdim. Ejejanymyň mähirli keşplerinde ajab nurlar, saçylyp durýar
Bu ynsan mahirli, janymyz, kemalymyz, ykbalymyz ýolunda mydama hasratda. Şonuň üçin ejemjanymy ummana meňzedesim gelýär. Çünki bu ynsanyň mähir tolkunlaryndan näçeler lezzet alsakda, hiç kemelmeýär, ýene-de joşup, dolup-daşyp baryberýar. Ejemi asmanda nur saçýan güne meňzetýän.Gün öz nurlary bilen bütün barlygy ýagtylyk etsa, ýylylyk bagş etse, ejemiň mähri ýüregimize jan berip, kalbymyzy päklige çagyrýar.
Eneleri beýik alym mugallym diýesim gelýär. Sebäbi olar bize gowy terbiýe berip, hallalyga ugrukdyrýalar.. Ýanlaryna alyp, dürli ýumuşlary nähili, bejermekligi, durmuşda öz ýolumyzy tapmaga kömek berýaler.
Dünýäde tükeniksiz we deňeşdirip bolmajak enelik duýgusy ýok. Ene çaga dogurýar, çagasyn ulaldyp terbiýeleýär. Enäniň çagasy bilen ulalmagy, onuň alada etmegi, durmuşynyň ykbalyny yzarlamagy, mähir görkezmekdir. Şonuň üçin mähir sözlerini eşiden ýa-da beýan eden badyna, aklyndaky ene oňa ornaşar. Bize terbiýe berip, mähir berip ulaldan enelerimiziň jany sagbolsun, hemişe ýüzleri ýylgyryp dursun!
Ýüregi mahriban, mähriderya dil,
Sesleri mylaýym, arassa köňül,
Ýollary nurana, açylan bir gül,
Seniň ýollaryňdan gitsem Ejejan.
Ýanyňyzdan gitman, guwanja dolup,
Dünýalere sygman gygyryp gülip,
Bir wagta bolsa-da, ýaş çaga bolup,
Ýene gujagyňda ýatsam Ejejan.
Aýtmaly sözüm kän dilden zyýada,
Dilegiňiz hemişe berýär penada,
Watandeý ezizläp belent bir ada,
Adyňy ezizläp tutsam Ejejan.
Nurgeldi ILGELDIÝEW
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Teswirler