TALYP GÖZELLERI BÄSLEŞDI

Şu gün paýtagtymyzyň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Halkara zenanlar  mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw  mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň Merkezi geňeşiniň, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde geçirilýän «Talyp gözeli — 2020» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 21-si gatnaşdy.

Olar türkmen gyzyna mahsus bolan edep-ekramlylygy, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we zenan mertebesine goýulýan sarpany, saýlap alan hünärine, mukaddes Watanymyza bolan söýgüsini goşgy setirlerinde, şirin aýdymlarynda ussatlyk bilen beýan etdiler. Ene-mamalarymyzyň häzirki döwrümize çenli sünnäläp getiren halyçylyk sungaty barada on barmagyndan dür dökülýän gyzlarymyz halynyň her bir çitimine, nagşyna, gölüne kalp owazyny siňdirýändiklerini öz ýürek joşgunlarynda beýan etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen taýýarlanan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp,  türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde başarnyklaryny beýan etdiler.

Talyp gözeller milli lybaslaryň görnüşlerini mahabatlandyryp, egin-eşik geýinmek sungatynyň döwrebap nusgalaryny ussatlyk bilen görkezdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Arzuw Annaberdiýewa, 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Bossan Mürzäýewa, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Ataýewa, 3-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Enegyz Annabaýewa bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby Mähriban Bäşimowa dagy mynasyp boldular.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, diplomlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige işjeň gatnaşan gyzlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

«Talyp gözeli — 2020» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan talyp gözelleri InAshgabat internet saýtymyzyň döredijilik toparynyň hem-de okyjylarynyň adyndan mähirli gutlaýarys. Olara okuwlarynda we saýlap alan hünärlerinde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny, durmuşlarynyň bahar bägülleri dek owadan, ýörejek ýollarynyň gyşyň ak gary ýaly ýagty bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Ýeňşiňiz gutly bolsun, TALYP GÖZELLER!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok