Bahar geldi

Möwsümiň iň gözel pasly Bahar biziň ýurdumyza girip geldi. Ýüregimizi şatlykdan doldurdy. Baharda her kim tebigatyň gözelliginden lezzet alýar. Baharda agaçlar gülleýär we gözelleşýärler. Bahar pasly, täze eýýamyň başlangyjy, tebigatyň täze bir sahypasynyň açylmagy bilen tapawutlanýar. Bahar adamlara ýagşy işleri etmäge we bir birege bolan söýgüsini paýlaşmaga ýardam edýär. Bahar girip gelenden, depeler göm-gök reňke girýär. Her ýerde gülleriň ysy gelýär. Daýhanlar hem bag döredip başladylar. Guşlaryň aýdym aýdýanyny, gülleriň ysynda kebelekleri we arylary we bahar howasyny göz öňüme getirýärin. Gün şöhlelerinden buzuň eremegini we depeleriň açylmagyny diňe göz öňüne getirip bilerin.

Bahar pasyllaryň başlangyjydyr, bahar adatdan daşary ruh bilen gelýär we ýüregimizde bolup geçýär. Bahar gelende agaçlar gülleýär, ýaprak çykarýar we milli baýramymyz Nowruz gelýär. Şeýle görnüşi bahar bärki pasyllardan aýratyn bolýar.Bahar pasly birek-birege şatlyk we mähir berýär.

Bahar möwsümi täzelenen owadanlyk duýgusy bolanlygy üçin gelinler bilen deňeşdirilýär. Munuň sebäbi baharyň adaty ajaýyp ysy gelýär. Ol göýä kalby mähirli gelin. Bahar pasly, bereketlilik, ýagşylyk, dünýämiz uly arzuwlar, gözellik we nepislikden kalbymyzy doldurýar.

Nurgeldi ILGELDIÝEW
Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok