ZEHINLI ÝAŞLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

Paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgünde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilen ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar takyk we tebigy dersler, robot tehnikasy ugurlary boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda degişli ugurlar boýunça professorlar, mekdep mugallymlary, şeýle-de Çagalar we ýetginjekler köşgüniň aýdym-saz, tans toparlary çykyş etdiler.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky tapgyryna jemi 112 okuwçy özleriniň 67 işi, ýagny takyk dersler boýunça 40 okuwçy 25 işi, tebigy dersler boýunça 34 okuwçy 20 işi, robot tehnikasy boýunça 38 okuwçy 22 işi bilen gatnaşdy.

Ylmy-döredijilik taslama bäsleşigine gatnaşan okuwçylaryň taýýarlan işleri barada kelam agyz gürrüň etsek, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Hatyja Annagylyjowa, Alymyrat Sarygulowyň bilelikde «Biosözlük online» atly işini synlanymyzda, ýurdumyzda sanly ulgama geçmek baradaky Döwlet maksatnamasynda berýän tabşyryklaryndan ugur alnandygyny görmek bolýar. Taslamanyň maksady türkmen dilindäki biologiýa degişli atlary bir ýere jemlemek, olary dört dilde öwrenmek we öwretmek, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň, olaryň synalarynyň daşary ýurt dilindäki atlarynyň türkmen dilindäki nusgasyny tapmak we biologiýa boýunça elektron gollanmany taýýarlamak bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçylary Mährijemal Muhammedowa bilen Isa Baýramgulyýewiň «Ummanlary we deňizleri arassalaýjy desga» atly işi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň taýýarlan işiniň esasy maksady ummanlaryň, deňizleriň suwuny arassa saklamakdan, suwy hapa jisimlerden, zir-zibillerden, zäherli maddalardan arassalamakdan we ummanlaryň hapalanmasynyň öňüni almakdan ybaratdyr.

Paýtagtymyzdaky Aýratyn zehinli çagalaryň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Güneş Seýitnyýazowa bilen Aýjahan Akmyradowanyň bilelikde taýýarlan işi «Daşky gurşawy plastmass galyndylardan arassalamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek we polietilen-polipropilen önümleriň galyndylaryndan ýarym taýýar önüm almak» diýip atlandyrylýar. Bu işiň esasy maksady daşky gurşawy goramaga hem-de tebigy baýlyklarymyzy tygşytly peýdalanmaga gönükdirilendir.  

Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, takyk dersler ugry boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Durdygylyç Mergenow bilen Eziznazar Nurnazarow, tebigy dersler ugry boýunça Mary şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Muhammetali Nuryllaýew bilen Gurbanmyrat Berdimyradow, robot tehnikasy ugry boýunça Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň okuwçysy Tahyr Azamatow dagy birinji orna mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde taýýarlan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok