PAÝTAGTLY GANDBOLÇYLAR ÝEŇIŞ GAZANDY

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ýurdumyzyň Gandbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2003-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş geçirildi.

Şu ýylyň 24-nji fewraly — 1-nji marty aralygynda geçirilen ýaryşa ýurdumyzyň welaýatlarynyň gandbol toparlary bilen birlikde paýtagtymyzyň hem gandbolçylary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň mart aýynda işe başlan ýurdumyzyň Gandbol federasiýasy geçen ýyllaryň dowamynda çempionatlardyr birinijilikleri geçirip, sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň sanynyň artmagyna ýardam berdi. Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça milli ýygyndymyzyň türgenlerimiziň köpüsi paýtagtymyzyň ýygyndysynyň agzalarydyr.

Birnäçe gün geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gyzlardan düzülen paýtagtymyzyň topary Lebap welaýatyndan 31:19, Balkan welaýatyndan 26:22, Mary welaýatyndan 24:23, Daşoguz welaýatyndan 31:31 hasabynda öňe saýlanyň birinjiligi ýeňiş bilen — birinji orunda tamamlamagy başardy. Zenanlar boýunça paýtagtymyzyň ýygyndysyna Gülendam Narbaýewa tälimçilik edýär.

Eminleri gelen netijesinde ýaryşyň ahyrynda zenanlardan Aýgül Marutýan, Diana Ýeremeýewa, Anna Begjanowa, Enegyz Orazdurdyýewa dagylar tapawutlanmagy başardylar.

Ýetginjeklerden düzülen oglanlaryň arasynda paýtagtly türgenler Mary welaýatyndan 33:19, Daşoguz welaýatyndan 32:23, Lebap welaýatyndan 36:34, Mary welaýatynyň ikinji toparyndan 23:14, Balkan welaýatyndan bolsa 21:12 hasap bilen öz ýeňişlerini baýram etdiler.

Aşgabat şäheriniň ýetginjek oglanlar ýygyndysyna Batyr Çulumbaýew, Bägül Öwezowa dagylar tälim berýär.

Oglanlaryň arasynda eminleriň gelen netijesine laýyklykda Asman Balaban, Nikolaý Atabaýew, Arslan Muhadow, Bahtiýar Ýaziýew dagy tapawutlanan oýunçylar diýlip yglan edildi.   Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň zenanlar hem oglanlar ýygyndysy Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda birinji orny eýelemegi başardylar. Toparlara, şeýle-de tapawutlanan oýunçylara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýahaty ministrligi bilen Gandbol federasiýasynyň bilelikde taýýarlan sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem türgenlerimizi gazanan üstünlikleri bilen InAshgabat internet saýtymyzyň ähli okyjylarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok