Bahar buşlukçysy

Pasyllaryň soltany bahar pasly hem ýetip geldi. Tebigata jan girip, daş-töweregiň ýaşyl  dona bürenmegi her bir ynsana ruhy lezzet berýär, göwnüňi göterýär. Şahyr Halyl Kulyýewiň:

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar,
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
Bahar gelýär, bahar gelýär adamlar

diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan “Nowruz baýramy” “Täze gün” diýmegi aňladýar. Bu baýramyň dünýäniň köp döwletlerinde bellenilmegi milletleriň arasyndaky dost-doganlygyň berkemegine, milli mirasymyzy has-da dünýä tanatmaga uly itergi berýär.

Ene-mamalarymyz Nowruz baýramynda “Semene” milli tagamyny bişirip goňşy-golamlaryna paýlapdyrlar. Bu däp-dessur gadymyýetden häzirki günlere çenli gelip ýetipdir. Aýratyn bellemeli zat hem söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizow baharyň ilkinji güni doglandyr.

Türkmen sährasy – Gurbannazar Ezizow

Bahar meýlisinde çyksaň seýrana,
Türkmen sährasynyň aldyr gülleri.
Başyň sypap seni goýar haýrana.
Belent daglaryndan öwsen ýelleri.

Gara bulut gelip, zemine çöker.
Al-asman gübürdäp, depregin kakar,
Daglardan sil akar, ýene gün çykar,
Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri.

Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesin goşup dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri.

Atajan Eýýupow
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Mekan

Asuda asmanyň astynda gök dereleri ýaşyl ýaýlalary synlap göwnüň göterilýär bu gözel tebigaty synlaňda kalbyň joşup bahar hakynda goşgy goşasyň geliberýä!!! Muňa mysal edip Eýýupow Atajanam ,,Bahar buşlukçysy`` atly ajaýyp bir makalasyny öz muşdaklarna ýetirmegi makul bildi.