Mary şäherindäki “Gurbanguly hajy” metjidinde baş metjidiň öňki ymamy, Türkmenistanyň il ýaşulysy Şamyrat agany ýatlap sadaka berildi.
Iş sapary bilen Mary şäherine gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu sadaka ýerine geldi. Aýat-töwür okaldy, tebärek çykyldy.
Sadaka Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplardan gelen gonararlaryň hasabyna gurnaldy.
Mary şäheriniň baş metjidi bolan Gurbanguly hajy metjidi Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleri bilen 2009-njy ýylda guruldy. Dindarlaryň haýyşy boýunça metjit Gurbanguly hajy metjidi diýlip atlandyryldy.
Ak mermerli metjit şäheriň esasy ajaýyplyklarynyň biridir. Bina milli binagärligiň iň gowy däpleriniň esasynda guruldy. Ýokarsynda altynsow reňkli ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziň diametri 24 metre barabardyr. Dört minaranyň her biriniň beýikligi 63 metrdir. Namaz okalýan zal bir wagtyň özünde 2,5 müň adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir. Metjidiň ýokarky gaty zenanlara niýetlenendir. Gümmezi sütünleriň 8-si saklaýar.
Binanyň içi mermer, granit we agajyň gymmat bahaly görnüşleri bilen bezeldi. Metjidiň bezeginde Gurhanyň sürelerinden alnan haşamly ýazgylar aýratyn orun eýeleýär. Şolar binanyň öň tarapyny hem bezeýär. Dürli reňkli yşyklaryň şugla saçmagy netijesinde metjit agşamlaryna has-da owadan görünýär.
Topluma sadaka üçin niýetlenen ýörite desga, dini dessurlary berjaý etmek üçin niýetlenen bina, myhmanhana we beýleki desgalar girýär. Suw çüwdürimleri metjidiň merkezi basgançaklaryny bezeýär.
2018-nji ýylda Gurbanguly hajy metjidinde abadanlaşdyryş işleri geçirildi.
Teswirler