2021-nji ýyla çenli ähli edaralaryň öz websaýtlary döredilmegi tabşyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky ýygnagynda Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň we hukuk görnüşine garamazdan beýleki edara-kärhanalaryň öz web-saýtlaryny we elektron maglumat ulgamynyň döredilmegi barada Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we  web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutany bu işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamagy we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlaryny 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmegi belledi.

Häzirki wagtda www.e.gov.tm platformasy raýatlar üçin döwlet tarapynda hödürlenýän ähli hyzmatlary özünde jemlemegi meýilleşdirýär. Platformanyň mazmuny günsaýyn artýar.

Surat çeşmesi: www.business.com.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok