ÝÜREGI BILBIL HALYPA

Şu günüň ikinji ýarymynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda SSSR-ň we Türkmenistanyň Halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününüň 90 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi. Konsertiň öň ýanynda halypanyň bile işleşen egindeşleriniň, şägirtleriniň görnükli sungat ussady hakdaky ýatlama çykyşlary has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Gurt Nazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa, halypanyň şägirdi Žanna Saýaýan dagy çykyş edip, Medeniýet Şahberdiýewanyň sungat hem döredijilik ýoly hakda gyzykly gürrüň berdiler. Şol ýatlamalaryň biri hem halypanyň öz gürrüň beren bir wakasyna alyp gitdi. Medeniýet Şahberdiýewanyň bilbil owazy bilen ýerine ýetiren «Aşgabat» aýdymy şu günler hem belentden ýaňlanýar. Aýdymyň sazynyň Nury Halmämmedowyňky, sözleriniň şahyr Geldi Bäşiýewiňkidigini bilmeýänimiz az-azdyr. Halypa aýdymçy meşhur aýdymy bir gezek Moskwa şäheriniň köp müň adamlyk «Dinamo» stadionynda ýerine ýetiripdir. «Ýagyş edil bedreden guýulýan ýalydy. Meniň egnimde Hindistandan getirilen gyzyl parçadan tikilen köýnegim bardy. Ýagşyň nuruna ol öňünden üýtgeşik bir öwşün atyp görünýän ýalydy» diýip, ol şonda gürrüň beripdi. Biziň pikirimizçe, hem bu ýerdäki öwşün buýsanç öwşünidi. Ol aýdymçynyň bir ýurduň uly şäheriň uly stadionynda Watanymyzyň ýüregi hakda uly ýerine ýetiren aýdymyna buýsanjy bolsa gerek.

Ine, bu günki toý konsertdäki ýaňlanan eserler hem halypanyň ýüregine düzülen ýaly, belentden ýaňlandy. Weli Muhadowyň «Ganly saka» operasynda Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygyny Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew hem-de zehinli aýdymçy Aýna Seýitgulyýewa ýerine ýetirdiler. Žuzeppe Werdiniň «Trawiata» operasyndan Alfred bilen Wiolettanyň aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti, Gurt Nazarow bilen Ýagşygül Omarowa, Guseýnowyň «Moýa zemlýa» («Ene topragym») diýen aýdymyny Bahar Durdyýewa, Buliý Meýtusyň «Magtymguly» operasyndan Gülnaryň aýdymyny hem-de A.Alýabýewiň «Bilbil» aýdymyny zehinli aýdymçy Žanna Saýaýan ýerine ýetirdiler. Konsertdäki eserlere Lälezar Annaýewa, Ý.Darçiýa, Bahar Annadurdyýewa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtulow sazandarlyk etdiler. Sungatda gowy zehini bilbile deňeýärler. Ýöne bilbil adyny alan zehinler juda seýrek bolýar. Medeniýet Şahberdiýewa şol seýrek zehinleriň biridi. Ýene bir aýratynlygy, onuň sungata berlen ýüregi bilbildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok