Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde Ýaponiýa döwleti, dili, ykdysadyýeti, jemgyýeti we bilim ulgamy barada tanyşdyryş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda BMG-nyň “Ösüş maksatamasy: durnukly şäherler” atly taslamanyň işgäri Bäşim Geldimyradow we TOKAI uniwersitetiniň talyby Didar Jelaletdinow çykyş etdiler.
Bäşim Geldimyradow Halkara Ýapon uniwersitetinde halkara gatnaşyklary hünäry boýunça magistratura okuwyny okan döwürlerinde öz tejribelerini we Ýaponiýa barada umumy düşünjeler berdi.
Ýapon halkynyň işeňňirligi, takyklygy, tertibi, hormat-sylaşyklary bilen bir hatarda jemgyýetde käbir kynçylyklaryň bardygy barada aýdylyp geçildi. Muňa mysal hökmünde çenden aşa işeňňirlik we ýalňyzlyk. Umuman alanyňda bolsa ýapon halky örän mähirli, mylakatly halk. Esasan-da daşary ýurtlylar üçin elinden gelen kömegi bermek häsiýetleri üns çekýär.
Didar Jelaletdinow TOKAI uniwersitetiniň kampus durmuşy barada gürrüň berdi. Bu uniwersitetde esasan hem inženerlik ugurlary boýunça bilim almaga döredilen giň mümkinçilikler barada gürrüň berdi.
“Diller dünýäsi” dil merkezi beýleki diller bilen bir hatarda ýapon dili okuwlaryny hem hödürleýär.
Teswirler