Şu gün, ýagny 21-nji fewralda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulanyna 28 ýyl dolýar. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda iki goňşy hem dostlukly döwletiň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmekde uly ösüşler gazanyldy. Munuň şeýle bolmagynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty juda uludyr. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Owganystanyň syýasy durnuklylygyny, parahatçylygyny we ykdysady ösüşini ilerletmekde Türkmenistan goňşy we dostlukly döwlet hökmünde uly işleri durmuşa geçirdi. Biz hem şu mynasybetli we Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 28 ýyllygynyň hormatyna goňşy döwletiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Najibulla Alihil bilen söhbetdeş bolduk.
— Jenap ilçi, bilşiňiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilip geçilýär. Söhbedimize goňşy hem dostlukly döwlet hökmünde Owganystanyň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna bolan garaýşy bilen baglanyşykly başlaýsak diýýän!
— Dogry edýäňiz! Owganystan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna goňşy, dost, dogan döwlet hökmünde ýokary baha berýär. Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň özenini emele getirýär we bu ýagdaý sebitde, diňe bir sebitde-de däl, eýsem, dünýäde durnuklylygy berkitmekde, hyzmatdaşlygy, ylaýta-da, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Owganystan Yslam Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldap çykyş eden ilkinji ýurtlaryň biridir.
Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, tutuş ýylyň dowamynda bu babatdaky çäreleriň ençemesi, 12-nji dekabrda bolsa Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler. Men şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça hormatly Owganystanyň Prezidenti gürrüňi edilýän bu ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşjakdygyny mälim etdi. Şunuň özi hem biziň ýurdumyzyň doganlyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýändigini alamatlandyrýar we hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ilkinji günlerden bäri goldap gelýändigimizi ýene bir ýola tassyklamak artykmaçlyk etmese gerek. Şonuň üçin hem ýakyn bir-iki aýyň dowamynda Owganystanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ylmy esaslary» ady bilen ýokary derejedäki halkara ylmy maslahaty geçirmegi meýilleşdirýäris.
Umuman, bu babatdaky sözümizi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde parahatçylygy, dostlugy, doganlygy berkitmekde örän möhüm esaslaryň biri bolup durýar. Şeýle-de, ol sebitiň ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary jebisleşdirmekde ähmiýetli gurallaryň biri hökmünde öňe çykýar.
— Hormatly ilçi, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 28 ýyl doldy. Şu geçen döwrüň içinde iki döwletiň arasynda ýola goýlan söwda dolanyşygyna, ykdysady gatnaşyklara nähili baha berýärsiňiz?!
— Gatnaşyklaryň resmi taýdan ýola goýulmagy we bu babatdaky resminama gol çekilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze tapgyryň başyny başlady. Munuň esasyny bolsa biziň taryhy gatnaşyklarymyz, medeni meňzeşliklerimiz, hoşniýetli goňşuçylygymyz we birek-birege bolan hormatymyz, ynamymyz emele getirýär. Taryha nazar aýlasak, iki goňşy ýurduň arasynda hemişe dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň bolandygyna göz ýetirýäris.
Häzirki döwür babatda aýdanymyzda, esasan-da, soňky 10 ýylyň dowamynda, döwletlerimiziň hormatly Prezidentleriniň aýratyn tagallalarynyň netijesinde, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk belent derejelere ýetdi. Onuň aňyrsynda birek-birege sarpa goýmak, goldamak, ynanyşmak ýaly esaslaryň ýatandygy öz-özünden düşnüklidir.
Söhbedimiziň şu ýerinde geçen ýylyň 21-nji fewralynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama gol çekilendigini aýratyn nygtasym gelýär. Mundan başga-da, geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda, ykdysady we beýleki gatnaşyklary ösdürmek babatda şertnamalardyr ylalaşyklaryň ençemesi baglaşyldy. Şolaryň netijesinde döwletlerimiziň arasyndaky söwda dolanyşygy giň gerimlerde ösdürildi. Has anygrak aýdanymyzda, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleriniň 100-den gowragy bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýar. Şol ýurtlaryň arasynda biziň ýurdumyz Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny amala aşyrmagyň möçberleri boýunça bäşinji orunda durýar. Bu babatdaky gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmek üçin häzirki döwürde dürli meýilnamalaryň üstünde işleýäris. Şonuň netijesinde üstümizdäki ýylda Owganystanyň söwda ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistana iş sapary bilen gelmeklerini üpjün etmegi, türkmendir owgan telekeçileriniň duşuşyklaryny guramagy, söwda ulgamyna degişli ministrliklerimiziň, edara-kärhanalarymyzyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikleri geçirmegi, şeýle-de Türkmenistanda owgan harytlarynyň sergisini guramak arkaly, söwda dolanyşygyny has-da ösdürmegi göz öňünde tutýarys.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi, «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesi ýaly iri taslamalaryň doly amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistandyr Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has ýokary sepgitlere ýetjekdigine ynanýarys.
— Hawa, indi ençeme ýyllardan bäri TOPH, TOP taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi hemmämize mälimdir. Ýakynda, has takygy, 1-nji fewralda TOP taslamasynyň Türkmenistandaky möhüm böleginiň gurluşygyna badalga berildi, TOPH-yň gurluşygy bolsa dowam edýär. Eýsem, diňe bir sebitiň däl, dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryna eýe bolan bu taslamalar durmuşa geçirileninden soňra, üstaşyr geçirilýändigi üçin alynjak paçlardan daşgary, olaryň owgan ykdysadyýetine etjek täsirleri barada nämeler aýdyp bilersiňiz?
— TOPH we TOP taslamalary uly infrastrukturalaýyn taslamalaryň hatarynda durýar. Bu taslamalar diňe bir Türkmenistandyr Owganystan üçin däl, tutuş sebit üçin möhümdir. Olar biziň ýurtlarymyz üçin ykdysady jähetden juda bähbitlidir.
Esasy bellemeli zat, Türkmenistan tebigy baýlyklar, uglewodorod serişdeleri babatda juda baý döwletdir. Bu baýlyklar Owganystan üçin hem, Günorta Aziýa ýurtlary üçin hem aýratyn ähmiýetlidir. Eýsem, bu ýerdäki bähbitler nämelerden ybarat? TOPH-dyr TOP taslamalary Türkmenistanyň energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmaga mümkinçilik döretse, Owganystandyr Günorta Aziýa ýurtlarynyň tebigy gaza, elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, bu ýurtlarda täze zawoddyr fabrikleriň peýda bolmagyna, müňlerçe iş orunlarynyň döremegine, gaýtadan işleýän kärhanalaryň emele gelmegine mümkinçilik berer. Bu bolsa sebitiň söwda dolanyşygynyň artmagyna, şol bir wagtyň özünde-de, sebit ýurtlarynyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has içgin aralaşmagyna şert döreder. Bularyň ählisi hem ýaşaýan dünýämizde juda derwaýys meselelerdir. Şonuň üçin hem gürrüňi edilýän taslamalar, haýsy tarapyndan alanyňda-da, şu güne we geljege hyzmat etjek ähmiýetli taslamalardyr.
Bu taslamalar Owganystanyň ykdysady durmuşy üçin zerurlyk hökmündäki aýratynlygy bilen hem tapawutlanýar. Sebäbi, onuň geçýän welaýatlarynda geljekde ençeme zawod-fabrikler emele geler, müňlerçe iş orunlary dörär, bu bolsa owgan halkynyň, esasanam, ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berer. Mundan başga-da, olar Owganystanyň çäklerinde parahatçylygyň, durnuklylygyň ýola goýulmagyna oňaýly täsirini ýetirer. Şeýle-de, tebigy gazdyr elektrik geçirijileriniň biziň ýurdumyzyň çäklerinden üstaşyr geçmegi owgan ykdysadyýetiniň galkynmagyna önjeýli goşant bolar.
Elbetde, biz bu taslamalara diňe bir gazgeçirijidir elektrik geçiriji taslamalar hökmünde garasak, ýalňyşdygymyz bolar. Olar toplumlaýyn uly taslamalaryň başlangyjydyr. Bu taslamalaryň gapdalyndan demir ýol we süýümli optiki aragatnaşyk ulgamlary hem geçiriler.
— Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistan Owganystana yzygiderli ynsanperwer goldawlaryny ugradýar. Elbetde, bu ýagdaýa Owganystanyň syýasy ýolbaşçylary ýokary baha berýär. Eýsem, oňa owgan halkynyň garaýşy nähili?
—Ýogsam näme?! Geçen ýyllaryň dowamynda çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde Owganystana ynsanperwer kömekleriň ençeme tapgyry ugradyldy. Bu siziň halkyňyzyň goňşa goýýan sarpasynyň alamatydyr. Ýaňy-ýakynda-da şeýle ynsanperwer goldawlaryň nobatdakysynyň şaýady bolduk. Jenap Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany esasynda, Owganystanda, esasan-da, Hyrat welaýatynda tok üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistan güýjenmesi 125 megawat bolan transformatory ynsanperwer kömek hökmünde berdi. Türkmenistanyň şeýle ynsanperwerlik goldawlaryna owgan hökümeti we ýurdumyzyň ähli syýasy ýolbaşçylar düzümi aýratyn ýokary baha berýär. Owgan halky bolsa bu goldawlar üçin türkmen halkyna, türkmen Liderine çuňňur hoşallyklaryny bildirýär. Çünki türkmen tarapynyň hemaýatkärliginde şu güne çenli Owganystanda dürli ulgamlar boýunça ençeme işler durmuşa geçirildi we bu halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ähmiýetli orun eýeledi.
— Türkmen Lideriniň başlangyçlarydyr tagallalary netijesinde, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşi hökmünde kabul edilen «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesine halkara jemgyýetçiligi möhüm ähmiýet berýär. Eýsem, bu däliz owgan telekeçileriniň işine neneňsi täsir etdi we onuň ýurduňyzyň ykdysadyýetindäki orny dogrusynda nämeler aýdyp bilersiňiz?
— Bu geçelge sebitde ykdysady babatda uly taslama hökmünde ykrar edilýär we ol möhüm geçelgeleriň biridir. «Lapis Lazuli» Günorta Aziýa ýurtlaryny Türkmenistanyň üsti bilen Kawkaz döwletlerine, ondan aňryk bolsa Ýewropa döwletlerine birleşdirmekde amatly üstaşyr ulag geçelgesidir. Ol diňe bir biziň sebitimiziň harytlaryny Ýewropa çykarmakda däl, eýsem, Ýewropanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we beýleki degişli döwletleriň harytlaryny Türkmenistanyň üsti bilen Günorta Aziýa ýurtlaryna ýetirmekde-de juda ähmiýetlidir. Häzirki döwürde bu geçelgäni has işjeň ýagdaýa getirmek maksady bilen, degişli döwletleriň arasynda dürli derejedäki gepleşikler geçirilýär. Bu gepleşiklerde, esasan-da, özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, gümrük barlaglaryny ýeňilleşdirmek, geçelgäniň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmak ýaly meseleler aýratyn öňe çykýar.
«Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesiniň işjeňleşmegi bilen, diňe bir Owganystana däl, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, Batumi, Poti portlarynyň we beýlekileriň üstaşyr geçirijiligi has artyp, degişli döwletlere-de önjeýli ykdysady goldaw boljakdygyna ynanýaryn.
—Türkmenistan owgan ýaşlaryna ýokary bilim bermekde-de nusgalyk işleri amala aşyrýar. Eýsem, siziň Türkmenistanda bilim alýan ýaşlaryňyz owgan ykdysadyýetine, medeniýetine geljekde nähili täsir eder?
—Häzirki döwürde owgan ýaşlary Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde aragatnaşyk, demir ýol, nebitgaz, oba hojalygy, ykdysadyýet we tehnologiýa ýaly ugurlar boýunça ýokary bilim alýarlar. Siziň ýurduňyzda bilim alýan ýaşlarymyz geljekde owgan ykdysadyýetine uly güýç hökmünde itergi berer. Olar ýokary bilim alyp, ýurdumyza dolananlaryndan soňra, dürli ministrliklerde, edara-kärhanalarda işe başlap, ykdysadyýeti, oba hojalygyny, bilimi… ösdürmegiň täzeçe ýörelgelerini öňe sürmek bilen, bu ýerde alan bilimlerini owgan durmuşyna ornaşdyrarlar.
Türkmenistanyň ýaşlarymyza ýokary bilim bermekdäki goldawy biziň üçin edil beýleki goldawlary ýaly, juda derwaýysdyr we zerurlykdyr. Şonuň üçin hem men berýän şeýle kömekleri üçi türkmen tarapyna, esasan-da hormatly Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. —Jenap Najibulla Alihil, täsirli söhbediňiz üçin sag boluň! Ilçi hökmünde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da jebisleşdirmekde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Teswirler