Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň guramagynda Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Oňa ilçihananyň hünärmenleri bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, internet saýtlarynyň wekilleri gatnaşdylar.Duşuşygy Gazagystanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew alyp bardy. Ol çykyşynyň dowamynda Abaýyň döredijiligi barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi.
Elbetde, Abaý Kunanbaýew alym, akyldar, şahyr, magaryfçy, häzirki zaman milli edebiýatynyň düýbüni tutujy, terjimeçi we kompozitor hökmünde Gazagystanyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň goşgularynda we kyssa eserlerinde halkyň milli düşünjesi, dünýägaraýşy, häsiýeti, kalby, ynamy, dili, däp-dessurlary we ruhy görkezilip, olar soňra Abaýyň dünýäsi diýlip atlandyrylan özboluşly hadysa hökmünde kesgitlendi.
Hormatly ilçi çykyşynyň dowamynda Abaýyň döredijiligi barada, şeýle-de häzirki wagtda dostlukly ýurtda onuň doglan gününi ýokary derejede bellemek baradaky görülýän taýýarlyklar, şol sanda Abaýyň eserleri esasynda surata düşürilen filmleriň paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem welaýatlarda hereket edýän kinoteatrlarynda, teatrlarynda görkezilmegi meýilleşdirilýändigini, şu ýylyň aprel hem-de awgust aýlarynda bolsa görnükli şahsyýete bagyşlanan döredijilik duşuşygyny geçirmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Abaýyň döredijiligi bütin dünýäde uly gyzyklanma eýe. Onuň dürli ýyllaryň dowamynda döreden eserleri dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Şahyryň döredijiligine biziň ýurdumyzda hem uly sarpa goýulýar. Görnükli şahyrlarymyz tarapyndan onuň goşgularynyň birnäçesi terjime edilip, türkmen okyjylaryna ýetirildi. Bu bolsa türkmen-gazak köpugurly dostlukly gatnaşyklarynyň çäklerinde medeniýeti gatnaşyklaryny ösdürmäge hem aýratyn uly orun berilýändigini bellemelidiris.
Geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda geçirilen halkara teatr festiwalyna hem gazagystanly medeniýet ussatlarynyň gatnaşandygyny, olaryň öz taýýarlan «Žibek» atly sahna oýny bilen çykyş edendiklerini bellemelidiris. Bu sahna eseri teatr festiwalynda gatnaşýan myhmanlar bilen birlikde ildeşlerimizde hem uly seslenmä eýe bolandygyny bellemek gerek.
Abaý — gazak topragynyň dünýä derejeli zehinli alymydyr. Ol ähli adamzat üçin paýhas çeşmesini döretdi. Abaýyň şygryýetini düýpli öwrenen ylmy işgärleriň pikirine görä, onuň güýji we gözbaşy gazak halkynyň döredijiligi, Gündogaryň we Günbataryň sözleýiş sungaty, rus edebiýaty we adamzat taryhy barada eserleri öwrenmek bilen aýrylmaz arabaglanyşykdan gelip çykýandygy anyklanyldy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlara Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Abaýa bagyşlap ýazan makalasy berildi. Ol makala şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanýanlara uly gollanma bolar diýip umyt edýäris.
Teswirler