Düýn — 20-nji fewralda ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäher medeniýet müdirligi tarapyndan guralan bäsleşik «Dünýäniň ýüregi Türkmenistanym Bu gün mekanydyr Bitaraplygyň» diýlip atlandyryldy. Oňa Aşgabat şäher Medeniýeе müdirliginiň çagalar çeperçilik mekdepleriniň hem-de sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň 3-4-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň 40-sy gatnaşdy. Bäsleşikde çagalar reňk bilen surat çekmek ugry boýunça halkymyzyň milli gymmatlyklaryndan düzülen 30 х 40 ölçegli kagyzda natýurmort eserlerini döretmek boýunça bäsleşdiler.
Ýörite eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, 1-nji orna Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Perhat Aşyrmyradow, ikinji orna degişlilikde şol mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kerim Nuryýew bilen 6-njy çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýsoltan Garagoçowa, 3-nji orna Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Olga Sidorenko, Medeniýet müdirligine degişli 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýuliýa Kolesniçenko hem-de şol mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Annanur Bäşimow dagy mynasyp boldular. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen reňk bilen surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşikde şeýle hem oňa gatnaşyjylar höweslendiriji baýraklar hems-de diplomlar bilen sylaglanyldy.
Teswirler