TÜRKMEN-SOMALI GATNAŞYKLARYNA AK ÝOL

Mälim bolşy ýaly, 17-nji fewralda ýurdumyzda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jama Abdullahi Mohammed işe başlady. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy. Biz Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen çäreleriň çäklerinde Somali Federatiw Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen doly ygtyýarly wekili bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.

         — Hormatly ilçi, Sizi ýokary diplomatik wezipä bellenilmegiňiz bilen gutlaýarys. Mümkin bolsa, söhbetdeşligimizi Türkmenistana ilkinji iş saparyňyzy dogrusyndaky gürrüň bilen başlaýsak?!

         — Sag boluň! Türkmenistan ýaly parahat, asuda, myhmansöýer ýurtda Somali Federatiw Respublikasynyň adyndan wekilçilik etmek meniň üçin uly hormat hem ýokary derejedir. Dogrusy, ýurtlarymyz birek-birek bilen gatnaşyklary golaýda ýola goýdy. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda ýola goýlan türkmen-somali diplomatik gatnaşyklary nobatdaky saparyň netijesinde täze derejä çykar diýip uly umyt bildirýärin.   Biz Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, türkmen-somali hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Hyzmatdaşlyga täze başlaýan ýurtlar ähli ugurlar boýunça gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmeli. Elbetde, ilkinji nobatda milli bähbitleri göz öňünde tutmak zerur. Ýöne has möhümi özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary kesgitlemekdir. Biz türkmen tarapy bilen syýasy-diplomatik ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk. Munda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanda işe bellenilen Somali döwletiniň ilkinji diplomatik wekili hökmünde bu ugurda amala aşyrylmaly hereketleri jikme-jik öwrenip, geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady kemala getirmäge goşant goşjakdygyma ynandyrýaryn.

         — Siz Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdyňyz. Türkmen Bitaraplygy barada siziň garaýyşlaryňyz?!

         — Türkmenistanda täze diplomatik wezipä bellenilmegimiň ýurduň hemişelik Bitaraplygyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesiniň giňden bellenilýän ýylyna gabat gelýändigi meni aýratyn buýsandyrýar.  Bu şanly sene mynasybetli daşary ýurtlarda guralýan çärelerden habarym bar. Bu gün bolsa güneşli türkmen topragyna ilkinji saparymyň günlerinde hemişelik Bitaraplygyň çärýek asyrlyk taryhy senesine bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň Türkmenistanda amala aşyrylýan işleri ýakyndan synlamaga mümkinçilik döredi. Käbir gymmatlyklar aýratyn gadyr goýulmaga, derejelenilmäge mynasyp bolýar. Türkmen Bitaraplygy, ine, şeýle gymmatlyklaryň biri! Muny men diňe ýekeje çäräniň mysalynda hem ynamly aýdyp bilerin.

         Häzir Türkmenistanyň, türkmen Lideriniň umumadamzat bähbitli netijeli başlangyçlary öňe sürmek bilen, dünýäde uly hormata eýe bolýandygynyň delil getirip, subut etmegiň zerurlygy ýok. Munuň şeýledigini «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly maslahatda edilen çykyşlar hem dolulygyna tassyklaýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, onda gazanylýan üstünlikler, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti dogrusynda edilen gürrüňler, aýdylan pikir-garaýyşlar mende uly täsir galdyrdy. Bir hakykata göz ýetirdim: oňyn bitaraplygy ýörelge edinýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy, ony amala aşyrmagyň aýratynlyklary, hakykatdan-da, nusga alarlyk derejede.

         — Somaliniň Türkmenistandaky ilkinji doly ygtyýarly wekili hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýýan maksatlaryňyz?

         — Meniň baş maksadym — Somali bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşmakdan ybarat. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda syýasy, söwda-ykdysady, medeni ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, birek-biregi has içgin tanamak zerur. Geljekde Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyny açmak boýunça tagalla etjekdigimi aýtmak isleýärin. Syýasy karta seretseň, ýurtlarymyzyň arasynda uzak-uzak menzilleriň bardygyny görmek bolýar. Ýöne birek-birege uzaýan dostluk ýollaryny, hyzmatdaşlyk ýollaryny çekmek türkmen-somali gatnaşyklaryny täze mazmuna çykaryp biler diýip, ynamly aýdyp bileris. Birek-birege ynanyşmak bolsa hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň zerur şertleriniň biridir.

         Islendik zat hakyndaky ilkinji täsirler-garaýyşlar hakydaňda mydamalyk galýar. Türkmenistana ilkinji gezek gelenimde parahatçylyk söýüjiligi, dostluga sarpany, hoşniýetliligi, myhmansöýerligi gördüm. Ýurduňyzyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde ýokary derejede kabul etdiler, netijeli gepleşikleri geçirdik. Munuň özi gatnaşyklarymyzyň täze derejelere çykaryljakdygyna doly güwä geçýär diýip aýtmagymyza esas berýär.       

   — Hormatly ilçi, täsirli gürrüňleriňiz üçin hoşallyk bildirýäris. Size täze wezipäňizde üstünlik arzuw edýäris!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok