Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň «Heňňam hekaýatlary» ady bilen çeper-publisistik eserleriniň ýygyndysy çapdan çykdy. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde 3 müň nusgalykda neşir edilen täze kitaba awtoryň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerini, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini, döwrümiziň zähmet gahrymanlaryny wasp edýän publisistik makalalary we oçerkleri girizildi.
Eliňe galam alanyň bilen oňat eserler döremeýär. Onuň üçin zehin gerek. Diňe zehinmi, eýsem?! Ýok, iň esasy yhlas gerek, armasyz zähmet gerek. Zehiniň kämilleşmegi-de, yhlasyň irginsizligine, hünäriňe bolan söýgiňe bagly. Şular dogrusynda söhbet açylanda, bada-bat döwrümiziň görnükli ýazyjylarynyň biri Gurbannazar Orazgulyýew hakydaňa gelýär. Ýazyjynyň köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi, sütün halypalaryň edebi mekdebini kemsiz geçmegi, onuň çeper döredijiliginde öz beýanyny tapýar.
Dogrusy, şu günüň okyjylaryna ýazyjynyň döredijilik terjimehaly barasynda gürrüň bermegiň zerurlygy-da ýok. Ýazyjynyň eserleri köp ýyllaryň dowamynda döwürleýin metbugat sahypalarynda yzygiderli çap edilip gelinýär. Soňky ýyllarda onuň «Heňňam hekaýatlary» diýlip atlandyrylan eserler toplumyna girýän oçerklerden ençemesi gazet-žurnallarda çap edilip, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ol eserleriň ählisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary, Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleri teswirlwnip, zähmet adamlarydyr jemgyýetiň öňdebaryjylarynyň işi çeper beýanyny tapýar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolsa, ýazyjy öz okyjylaryna uly serpaý ýapdy: Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýazyjynyň «Heňňam hekaýatlary» ady bilen çeper-publisistik ýygyndysy çapdan çykdy. Jaý ýerinde nygtasak, täze kitapda awtoryň publisist hökmünde döreden eserleri ýerleşdirilipdir. Megerem, bu ýygyndy soňky ýyllarda şu mazmunda çap edilen kitaplaryň ilkinjisi bolsa gerek. Okyjylar habarlydyr, G.Orazgulyýew kän-kän çeper powestleriň, hekaýalaryň, birnäçe telefilmleriň, spektakllaryň awtory. Kyssa eserleri ýerleşdirilen kitaplary mundan birnäçe ýyl ozal sözsöýüjileriň eline gowşupdy. Şonuň üçin-de, ýazyjynyň täze kitaby onuň öz döredijiligi üçin-de uly täzelikdir. Döwrümiziň belli publisisti hökmünde çeken zähmetiniň miweli hasylydyr.
Dolanalyň, «Heňňam hekaýatlaryna»! Kitabyň «bissimillasy» görnükli ýazyjymyz Atajan Taganyň «Durmuş hakykatynyň çeper beýany» atly makalasy bilen açylýar. Makalada ýazylyşy ýaly, täze kitap awtoryň durmuşda sapak boljak wakalar bilen okyjyny gyzyklandyrmak, oňa haýsydyr bir möçberde oňyn täsir ýetirmek maksady bilen ýazan kitabyna öwrülipdir. Şeýle maksatly kitap bolsa edebiýatyň mydama garaşýan kitabydyr.
Ýazyjynyň bu pikiriniň hakykata laýyklygyny kitapda ýerleşdirilen publisistik makalalary, oçerkleri okanyňda magat göz ýetirmek mümkin. Oçerk, publisistika wagta garaşmaýan žanrlar. Oňa örän uly operatiwlik gerek, ýüwrüklik gerek. Şeýle mazmunly eser döretmek üçin ilki özüň durmuşy bilmeli, soň bileniňi ile ýetirmeli.
G.Orazgulyýewiň täze kitabynda ýerleşdirilen «Garagumuň gerçegi», «Kasam siňen ömür», «Horjuny hazynaly adam», «Aýwaly oýa geliň!», «Ýaza meňzeş ömür», «Kerwen ýükli ömür»… ýaly oçerkleriniň gahrymanlarynyň aglabasy ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda abyrsyz köp hyzmatlary bitiren şahsyýetler, görnükli döwürdeşlerimiz, zähmetden bagt tapan daýhanlar. Şeýle oçerkler arkaly bolsa, ýazyjy bizi tutuş Türkmenistana aýlaýar. Diňe bir aýlamak bilen däl-de, öz döwürdeşlerimiz bilen tanyşdyrýar, oba hojalygynyň halal zähmetiniň, maldarçylyk aladalarynyň, gurluşyk işleriniň jümmüşine äkidýär. Dogrusy, öz owadan we sahy topragymyzyň biografiýasyny G.Orazgulyýewiň ýazan oçerkleri arkaly öwrenmek mümkin. Şonuň üçin ýazyjynyň publisistik makalalary, oçerkleri okyjyny biygtyýar goýmaýar: oýlandyrýar, hyjuwlandyrýar, tolgundyrýar, täze maksatlara ruhlandyrýar. Il içinde adyňy galdyryp, kesbiňden kemal tapmak üçin halal, yhlasy zähmet çekmelidigine ünsi çekýär. Biz muny Ýer togalagynyň aglaba ýerine aýagy degen, çöllük ýerleriň geografiýasyny, ekologiýasyny öwrenmek boýunça milli mekdebi döreden alymlarymyzyň biri Agajan Geldiýewiç Babaýewiň («Garagumuň gerçegi»), aladaçyldan ajap adam, diňe bir galam ýöretmek ussatlygyny däl, eýsem, ýadaman-ýaltanman işlemegiň, bu dünýäde baky galjak bolsaň, onuň azabyndan gaçman zähmet çekmegiň nusgasyny görkezip giden görnükli ýazyjy Osman Ödäýewiň («Dogan» diýen dilleriň…»), Garagumuň çyn perzendine öwrülen, ömür menzillerinde 27 ylmy ekspedisiýany amala aşyran, hatda Hytaý çölleriniň heniz adam aýagy degmedik künjeklerine-de ekspedisiýa guran akademik Mihail Platonowiç Petrowyň («Ak çägedäki yzlar»), gadymy Çohpetde obasynda ýaşaýan, ömrüniň agramly bölegini mugallymçylyga bagyşlap, hormatly dynç alşa çykan, häzir ýörgünli ady «Agageldi bagban» bolan Agageldi Çaryýewiň («Ýowuz günleriň ýatlamalary») häsiýetlerinde görýäris. Bularyň hemmesi öz döwrüniň görnükli wekilleri, durmuşdaky adamlar. Şularyň gysgaça jeminden näme gelip çykýar? Megerem, zähmetsöýerlik, öz ykbalyňy Watanyň ykbalyndan aýra saýmazlyk, zerur hasap edilýän meseleleriň döwlet bähbidinden ugur alýandygy. Awtoryň galamyna beletler bilýändir, onuň isle publisistik, isle-de oçerk žanrynda ýazylan eseri bolsun, parhy ýok. Şeýle duýgy döreýär: ýazyjy seniň ýanyňdan daşa giden däldir-de, gapdalyň bilen ýöräp barýandyr. Suwsasaň – suw içer, ajyksaň – nan iýer. Ýadasaň – aýak uzadar, ýöreseň – ýoldaşyň. Mahlasy, täze kitapda ýerleşdirilen eserlerde durmuşda nusga alarlyk mekdep hökmündäki gahrymanlar gyt däl, köp.
Ýazyjynyň oçerkleriniň aglabasynda jemgyýetiň ähli baýlygyny, berekedini döredýän zähmet adamy – janypkeş hem gaýratly döwürdeşlerimiz baş gahryman bolup öňe çykýar, onuň bütin durky bilen şekillenýän merdana keşbi örboýuna galýar. Durmuş gahrymany çeper eseriň gahrymanyna öwrülýär. Gyşyn-ýazyn telim tüýsli öwsüp duran türkmen sährasynyň uç-gyraksyz giňişligini, oba durmuşyny ýazyjynyň aýratyn eý görýänligindenmi-nämemi, biziň pikirimizçe, ýazyjynyň çöl adamlarynyň, oba zähmetkeşleriniň durmuşyndan döreden oçerkleriniň has-da üýtgeşik lezzeti bar. Olaryň haýsy birini okasaň-da, çölüň jümmüşinde, çopan goşunda gapdaly gara taňkaly ojar odunyň başynda çaý süzüp, öri meýdanlarynda agyp-dönüp ýören goýun sürülerine, ak atyzly pellere hut özüň syn edip oturan ýaly bolýarsyň.
Ýazyjy öz oçerklerinde gahrymanlarynyň kyn, gyzykly, köp taraply durmuşyny, çylşyrymly, jogapkärli zähmetini suratlandyrmak bilenem çäklenmeýär. Ol döwletiň ykdysadyýetiniň hem-de medeniýetiniň has çalt depginde, has belent derejä göterilmegi ugrundaky abyrsyz uly işlerden söz açýar. Muňa kitapda ýerleşdirilen «Köne kinony görüp», «Temeçde gögeren güjüm», «Mülkamaşadan uzaýan ýol», «Gaplaň bilen garpyşan», «Sözüň, sazyň gudraty», «Ak çynaryň aýdymy» ýaly eserleri dykgat bilen okan okyjy derhal göz ýetirer.
Sözümizi tükellemek bilen, gadyrly okyjy, bir hakykata ünsi çekmek isleýäris. Ýazyjynyň eserleri dili, çeperçiligi hem-de örän dessinligi bilen tapawutlanýar. Eseriniň žanry bolsa, ýörite rubrika arkaly görkezmäniňde-de, onuň mazmunyndan gelip çykýar. Özüňiz okarsyňyz, tanşarsyňyz.
Ýazyjy G.Orazgulyýewy täze kitaby bilen gutlap, oňa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etmekde, döwürdeşlerimiziň çeper keşbini beýan etmekde ýeneki üstünlikli menzilleri arzuw edýäris.
Teswirler