USSAT SURATKEŞIŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ata Akyýew özüniň şahsy döredijilik sergisini açdy. Serginiň açylyş dabarasyna halypa suratkeşlerimiz, heýkeltaraşlar, medeniýet sungat ussatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar, şeýle-de ussat suratkeşiň döredijilik işiniň muşdaklary, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar.

Çeperçilik döredijilikdäki sungat eserlerinde suratkeşiň özi baradaky garaýyşlary öwrenmeklige we düşünmeklige, çaklamaklyga we ony duýmaklyga onuň her bir sungat eseri uly ýardam etýär.  Bäşim Nuralynyň asuda durmuşy wasp edýän eserlerinde, Aman we Çary Amangeldiýewleriň watançylyk eserlerinde, Durdy Baýramowyň portretlerinde we şuňa meňzeş birnäçe ussatlaryň eserleri, bularyň bary döwrüň we suratkeşiň gaýtalanmajak gymmatlygydyr. Şeýle suratkeşleriň hataryna özboluşly döredijilik ýolyny, görkezmegi başaran Türkmenistanyň halk suratkeşi Ata Akyýew degişlidir. Onuň ýerine ýetiren nakgaşçylyk eserlerine milli hem-de filosofik ruhy garaýyşlar häsiýetli bolmak bilen, Mary suratkeşleri adyny alan döredijilik toparynyň sanawyna özboluşly sahypa bolup girdi. Bu ussat 1970-nji ýyllardan häzirki günlere çenli ençeme eserleri döredip halkymyzyň söýgisine mynasyp boldy. 71 ýaşy arka atan nakgaşçy bu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde özüniň şahsy sergisini açdy. Bu sergide onuň bütin ömründe halkymyza bagyşlap döreden ajaýyp eserleriniň ençemesi halka görkezildi.

Ata Akyýew dünýä inen wagty 1949-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda beýik watançylyk urşy gutaranyndan soň, adamlaryň parahatçylykly durmuşa guwanyp, urşyň salan ýaralaryny bejerýän wagtlaryna gabat geldi. Ol Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Egri güzer obasynda (häzirki Aşgabat daýhan birleşiginde) mugallymlar maşgalasynda bäşinji perzendi bolup kemala geldi. Suratkeşiň kakasy Aky Şadurdyýew we ejesi Enejan Şadurdyýewa ömürleriniň kyrk ýyla golaýyny mekdepde çagalara bilim we terbiýe bermeklige bagyşlapdyrlar. Hut şol sebäpli hem suratkeşiň şekillendiriş sungatyna ukybyny açyp, onuň bu ugurda ösmegine ilkinji ýörjen ýörjenligi öwredip ýola salan suratkeşiň ejesidir.

 Ata Akyýew orta mekdebiň 8-nji synpyndan soňra Aşgabatda ýerleşýän gurluşyk tehnikumyna okuwa girýär we gündizlerine okaýar, gijesine bolsa  şäherde ýerleşýän 20-nji orta mekdepde orta mekdebiň meýilnamasy esasynda okuwyny dowam etdirýär. 1965-nji ýylda Aşgabadyň Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesiniň gapysyndan gelýär. Indi onuň alnynda täze dünýäň bosagasy durdy. Şeýdip onuň suratkeş bolmak arzuwynyň hasyl bolmagyna ilkinji ädim ädildi.

Suratkeşiň ýaşlyk ýyllaryndan çeperçilik uçilişesiniň mugallymlar toparyndan iň ýagşy ýatlamalar saklanyp galypdyr. Ata Akyýewi uçilişede talyplygynyň ilkinji ýyly Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew okadýar. Soňlygy bilen Hally Annaçaryýew, Gylyç Ýarmämmedow ýaly ussatlar dürli derslerden bilim berdiler. Suratkeşiň bellemegine görä akwarel tilsimini yhlas bilen öwreden mugallymy Irina Piradowadygyny aýratyn nygtaýar. 1969-njy ýylda ol okuwyny üstünlikli tamamlaýar.

Ata Akyýew uçilişäni tamamlap geleninden soňra 1972-nji ýyla çenli ilki Mary etrabynyň Mülkburkaz obasynda ýerleşýän 6-njy orta mekdebinde, soňra bolsa Mary şäheriniň 10-njy orta mekdeplerinde surat we çyzuw mugallymy wezipesinde zähmet çekýär we ömriniň diňe iki ýylyny mugallymçylyk hünärine,  galan kyrk ýylyny bolsa döredijilige bagyş edýär. Şeýlelik-de mugallymlar maşgalasynda önüp ösüp kemala gelen Ata Akyýew ömrüniň agramly bölegini öz ýakynlarynyňky ýaly  mugallymçylyk işinde geçirmedi-de, kendirde döreden öz eserleri bilen şekillendiriş sungatynda özboluşly mekdep bolmaga, eserleriň mazmuny bilen ynsanlara gözellik terbiýesini bermeklige synanyşdy. Ol 1974-nji ýylda Daşkentden harby gullugy tamamlap geleninden soňra Leningradyň W. I. Muhina adyndaky  ýokary tehniki uçilişesiniň üç ýyllyk taýýarlaýyş kursuny gutardy. Bu ýerden hem 1977-nji ýylda Ukrainanyň Lwow şäherindäki I. Fýodorow adyndaky poligrafik institutyna gaýybana okuwa girýär. Ol ýerde Ata Akyýewe esasy ýörelge görkezen suratkeş W. Owçinnikowdyr. Hut şol ýyly Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň agzalygyna kabul edilýär we döredijilik işine başlaýar. Ata Akyýewiň döredijilik ýolunyň eýýäm 40 ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Bu döwürde suratkeşiň eserleriniň  ýerine ýetiriliş tilsimi we many ýordumlary bilen bir-birinden düýpli tapawutlanýan ýüzlerçe işi döretdi.

Ata Akyýewiň geçen asyryň 70-80-nji ýyllardaky nakgaşçylygy pikir we keşpleýin mazmuny has köp görnüşli häsiýete eýedir. Bu döwürde Ata Akyýewiň kompozisiýalaryna monumentallyk we deňagramlylyk, şeýle-de gahrymanlarynda rahatlyk ýagdaýy mahsusdyr. Onuň eserlerinde öz halkyna, gadymy topragyna we medeniýetine gutarnyksyz söýgi we hormat goýýandygy taslama çözgütlerinde  duýulýar.  Bu döwürdäki eserleriniň reňk gammasy halkyň haşam sungatynyň reňk sazlaşygy bilen kän bir baglanyşyk etmeýär. Onda sowuk koloridi görmek bolýar. Suratkeşiň döredijilige başlan ilkinji ýyllary esasan gözleg häsiýete eýe bolup, ol öz dost-ýarlary we işçiler bilen baglanşykly kompozisiýalary döretdi. Onuň şeýle eserleriniň hataryna «Esger» (1974), «Nakgaş» (1975) , «Biziň obamyzda» (1977) , «Egindeşler» (1978) ýaly işleri hem degişlidir.Ata Akyýew döredijilige başlan ilkinji ýyllarynda öz maşgala agzalaryny hem ünsden düşürmeýär. Esasan hem öz nowbahar gyzy bolan Gunça bagyşlanyp döredilen işleriniň birnäçesi bar. Olardan «Meniň gyzjagazym» (1977),»Telpekli gyzym» (1978),  «Buşluk ogul jigim boldy» (1979), «Oguljanyň portreti» (1979), «Gunça» (1983), ýaly birnäçe işlerini aýtmak bolar.

Ata Akyýew 1990-njy ýyllardan başlap dürli ýyllaryň dowamynda tä şu günlere çenli taslamalarynda özboluşly döwre geçýär. Onuň bu döwürde döreden işleriniň reňk çözgütleriň esasan gyzyl, sary reňkler düzýär. Suratkeş aýtmak isleýän pikirini kendirde suduryny çekenden soňra tekizlikleri uly göwrümde gyzyl, sary reňkler bilen atanak görnüşinde ýapýar. Şondan soňra ol esasy gahrymanlaryny üstünde işleýär.  Elbetde bu döwürde döredilen taslamalarynyň esasy mazmuny halkymyzyň däpleri-dessurlary, edim-gylymlary giňden şöhlelenýär. Şeýle eserleriniň hataryna «Maşgala sazandasy» (1990), «Namaz» (1990), «Güljemal han» (2010), «Soltan Sanjar»(2005) ýaly onlarça işlerini aýtmak bolar.  Suratkeşiň bu döwürde döreden eserlerini synlanyňda ony gurşap alýan daş töweregindäki Mary suratkeşleriniň özboluşly täsiriniň bolandygyny nygtamak gerek. Mary suratkeşler mekdebini döreden ussatlaryň döredijiliginde birnäçe umumylyklar bar. Olary reňk çözgütlerinde, taslama gurluşlarynda  görmek bolýar. Olarda köplenç sary gyzyl reňkler bolup (esasan hem gyzyl reňk) olaryň döredijiliginden eriş argaç bolup geçýär. Şeýle eserleri Mary suratkeşleri Kössek Nurmyradow, Allaberdi Amangeldiýew, Annadurdy Myradalyýew we birnäçeleriň döredijiliginde görmek bolýar. Ata Akyýewiň bu döwrüniň döredijiliginde hem şeýle suratkeşleriň eserleriniň kompozision çözgütleri we reňk koloridi ýiti täsir edýär. Şol täsiriň netijesinde bolsa bu döwrüň eserleri döreýär.

1990-njy ýyllaryň başynda bu ädehetde suratkeşiň kompozisiýasynda saz gurallar, sazandalar bilen bagly eserler agdyklyk edýär. Şeýle-de suratkeşiň bu döwürde çeperçilik özboluşlygyny agtaran ýyllary başlanýar we täze mazmunly eserleri döretmäge girişýär. Olardan Ata Akyýewiň «Maşgala sazandasy» (1990), «Gopuzçy» (1991), «Dutarçy» (1991) ýaly birmeňzeş ädehetde birnäçe eserlerini aýtmak ýerliklidir. Bu eserleriniň ählisinde hem ýaşuly nesliň wekilleriniň keşbine ýüzlenýär we saz gurallar bilen baglanyşykly taslama çözgütlerini ulanýar.

Suratkeşiň 2010-njy ýyldan soňky döwürde gyzyl-sary reňk gammasynda döreden taslamalarynyň temasy öz döwri bilen baglanyşykly boldy.  Muňa «Bagtyýar durmuş» (2012), «Gyz toýy»(2015), «Guşak çözdi»(2014), «Mekdep»(2015), «Hasyl toýy» (2012), «Pagtaçy» (2011) atly eserleri degişlidir.Bu eserler biziň häzirki ýaşap ýören döwrümizi wasp edýär. Bu eserlerinde suratkeş çuň filosofik pikirleri açmakdan gaça durýar. Ol eserleriniň üsti bilen durmuşyň şadyýan, gözel taraplarynyň duýgysyny bermeklige  synanyşýar. Ata Akyýewiň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutulyp 1990-njy ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, şeýle-de 2014-nji ýylda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň halk suratkeşi ýaly hormatly adyň dakylmagy halypa ussadyň ençeme ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň miwesidir.

Döwletmyrat DURDYÝEW,

Mary şäheriniň çagalar çeperçilik
mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik
işleri boýunça orunbasary, sungaty öwreniji.

Teswirler

Dowletmyrat Durdyyew

Menin yazan makalam yone name ucin men adymy goymadynyz?!