Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda türkmen Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary çykyş edip, halkara derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler.
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlaryň käbirini okyjylarymyza ýetirýäris.
Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory:
— Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we howpsuzlyk taglymatynyň rowaç almagy bilen, Türkmenistanyň häzirki zaman bitaraplyk tejribesi barha baýlaşýar we mähriban Watanymyzyň dünýädäki belent abraýy hem-de täsirli orny has-da berkeýär. Bu günki gün biziň döwletimiziň bitaraplygy, sözüň doly manysynda, sebit we ählumumy derejede hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, parahatçylyk medeniýetini döretmegiň we özara ynamy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň tutuş dünýäde wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdylmagy aýratyn bellärliklidir. Türkmenistan dünýä bileleşigini parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy hereket etmek boýunça wezipeleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn orun bermäge çagyrýar. Munuň şeýledigi halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de berkitmek, milli, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi üpjün etmek, energetika, ulag-aragatnaşyk, suw-ekologiýa, medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklary boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlykda aýdyň görünýär.
Halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýän, dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň şeýle başlangyçlary we teklipleri şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesinde hem öz beýanyny tapandygyny nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, golaýda bu Ýüzlenme BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we guramanyň resmi dillerinde çap edildi. Munuň özi diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr.
Natalýa GERMAN,
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy:
— Her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi giňden bellemek däbe öwrüldi. Bu hünär baýramçylygy ýurduň daşary syýasatyny we daşary ykdysady ugruny durmuşa geçirmekde diplomatiýanyň tutýan ornunyň has-da artýandygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hut öz başlangyjy esasynda döredilipdi.
Türkmenistana halkara giňişlikde uly üstünliklere ýetmek başartdy. Sebit we ählumumy meseleleri çözmekde halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň has-da netijeli ähmiýete eýe bolýandygy bütin dünýä äşgär boldy. Türkmen Lideriniň öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda bütin dünýäde goldaw tapýar. Bularyň ählisi, köp babatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasyndaky, şeýle hem daşary ýurtlardaky türkmen diplomatlarynyň çekýän irginsiz zähmetleriniň aýdyň miweleridir diýip aýtsak, söz ulaltdygymyz bolmasa gerek.
Häzirki döwürde diplomatiýa kärine bildirilýän talap ösýär. Halkara ýagdaýlaryň çylşyrymly şertlerinde «diplomatiýa» düşünjesi täze many-mazmuna eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde diplomatiýa ýokary medeniýetliligi we terbiýäni, her bir işe döredijilikli çemeleşmäni talap etmek bilen, diplomatlarda Watanyň, il-günüň öňünde ýokary jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemelidir. Biziň umumy maksadymyz Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, türkmen Lideri tarapyndan Owganystandaky ýagdaýy syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmaga ýardam bermek, sebitiň suw-energetika meselelerini deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda çözmek boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen diplomatlaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň milli diplomatik gullugynyň wekilleriniň bu jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Şu pursatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ähli işgärlerini, diplomatik gullugyň halypa-weteranlaryny, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny hünär baýramçylyklary bilen gutlaýaryn.
Juliýa WALEZE,
BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky
ýurt boýunça direktory:
— Men öz çykyşyma taýýarlanýan wagtym diplomatlaryň terbiýesinde parahatçylyk medeniýetiniň wajypdygy barada oýlandym we üstünlikli diplomatda nähili häsiýetleriň bolmalydygyna täzeçe göz bilen garamaga synanyşdym. Kitap gatlaryny agtaryp oturyşyma, halkara gatnaşyklary boýunça bir hünärmeniň makalasynyň üstünden bardym. Şonda diplomatlarda bolmaly 15 häsiýet barada gürrüň berilýär. Makalada: «Eger-de siziň sungata, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary hünärine bolan gyzyklanmaňyz bolmasa, onda başga bir käri saýlaň» diýilýär.
Şundan ugur alyp, ýaş türkmen diplomatlaryna berjek maslahatym: geljekde diplomat bolmagy arzuw eden bolsaňyz, öz üstüňizde has köp işläň, hünär taýdan kämilleşiň. Çünki diplomatiýa tejribelere daýanýar, hut bilim we tejribe diplomaty uly üstünlige ýetirýär. Şeýle hem diplomat öz wekilçilik edýän ýurdunyň syýasy ideologiýasyny oňat bilmeli. Şunda taryh dersini içgin öwrenmegiň näderejede wajypdygy öz-özünden düşnüklidir.
Teswirler