Şäher durmuşynyň gündelik başagaýlygyndan we dartgynlygyndan kelläni bir pursatlyk dynç aldyrmak üçin iň gowy çäre tebigatda dynç almak. Işdeşleriň bilen dynç almagyň orny bolsa aýratyn. Kollektiwiň agzybirligini, zähmete bolan höwesini artdyrýar, döredijilikli çemeleşmäge ýardam berýär. Galyberse-de tebigatyň arassa howasynda wagt geçirmek adamyň jan-saglygy üçin hem peýdaly.
Türkmenistanda hereket edýän syýahatçylyk kärhanalary raýatlara toparlaýyn dynç almaga mümkinçilik döredýär. Tebigat, taryhy ýadygärlikler, muzeýler, etnografiki syýahatçylyk nokatlaryna gezelençler ýylyň dürli möwsümlerinde amala aşyrylýar.
Jeýhun Travel kärhanasy şeýle dynç alyş syýahat hyzmatlaryny hödürleýär. Ýaňy ýakynda bu kärhananyň hyzmatlaryndan Dana bilim merkeziniň agzybir işgärleri we diňleýjileri peýdalanyp “Garagumyň ýalkymy” ady bilen tanalýan Derweze gaz kraterini görmäge gitdiler. Şeýle-de ýol ugry Gökdepe etrabynda “aýraport oba” diýlip tanalýan obada arakesme berip, gara öýde türkmen milli tagamlary gömme we gazanlama bilen naharlandylar.
Teswirler