Temmaki önümleriniň adamyň saglygyna berýän zyýanyndan daşary hem, galyndylary topraga zyňylan halatynda topragyň ekin önümçilik hiline-de zyýan ýetirýär.
Bu meseläni Türkmenbaşy şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Döwranow Sultan üns merkezine aldy we teklip işläp düzdi.
“Çilim süzgüjiniň daş-töwerege ýetirýän täsirleriniň öňüni almagyň we ony gaýtadan ulanmagyň ýollary” temasy boýunça taslama işi üçin gerekli barlag işlerini “Balkanýolgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşyk barlaghanasynda geçirdi. Gaýtadan ulanmak diýlende, süzgüji gaýtadan temmäki önüminiň düzümine goşmak däl-de, senagatda-gurluşykda topraga zyýansyz ýagdaýda ulanmak.
Sultanyň bu taslamada öz öňünde maksady çilim süzgüçlerini parafin ergini bilen garyp, bitum bilen üstüni örtmek we asfaltyň aşaky gatlagyna ýazmak. Şeýlelikde çilim galyndylarynyň tebigata berýän zyýanlarynyň öňi alynýar, ýol gurluşykda ulanylýar.
Döwranow Sultandaky bu zehini gören synp ýolbaşçysy Nury Halmanow okuwçysynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň her ýyl geçirýän “Altyn asyryň alty zehinleri” atly bäsleşigine gatnaşmaga degişli goldawlaryny berdi. Sultan Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşikde Tebigy ugurly dersler boýunça I orna mynasyp boldy. Ol indi welaýat tapgyryna gyzgyn depginde taýýarlyk görýär.
Teswirler