Türkmenistanda onlaýn okuwlar

“Alym Saraýly​” halkara sertifikasiýaly​ onlaýn okuwlary hödürleýär

Webinarlar​ – “Alym Saraýly​” okuw merkezinde maliýe, audit we dolandyryş ugurlary boýunça okuwlaryň innowasion görnüşi.

Tehnologiýanyň we döwrüň talaplarynyň ösüşi bilim almak, okuwlara gatnaşmak ýa-da özbaşdak öwrenmek üçin innowasiýalara ýola açýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen öýde ýa-da iş ýerinde sapaklara gatnaşmaga mümkinçilik bar.

Webinar​ sözi indi köp adam üçin täzelik däl. Webinar​ häzirki wagtda uzak aralykda bilimde iň täsirli we ösüşe açyk serişde bolup durýar. Onuň düýp manysy “web” we “seminar” sözlerinde gelip çykýar. Ýagny bu internet gurşawynda bolup geçýän seminar okuwlaryna berilýän at.

Webinarlarda​ bellenen wagtda göni ýaýlymda sapaklar ýetirilýär. Herkim öz oturan ýerinden gatnaşýar. Esasy zerurlyk internete elýeterlilik. Göni ýaýlyma gatnaşyp bilmedik diňleýjileriň elektron poçtalaryna​ ýazgylaryň salgylary ugradylýar. Diňleýjiler ýazgylara tomaşa edip, berlen ýumuşlary ýerine ýetirip bilýär.

Birnäçe ýyl öň “Alym Saraýly​” okuw merkezi maliýeçileri​, audiorlary​ we dolandyryjylary ýetişdirýän halkara merkez bolan “Altera​” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk esasynda täze proýekti​, ýagny webinar​ okuwlaryny ýola goýdular. Bu okuwlar Akkreditirlenen buhgaletleriň​ assosasiýasy (ACCA​, Beýik Britaniýa), Dolandyryş hasabyýetçileriň​ hünärmenleriniň sertifikasiýa institutynyň (CIMA​, Beýik Britaniýa), Halkara buhgalterleriň assosiýassasy​ (IAB​, Beýik Britaniýa), Professional buhgalterleriň halkara assosiýasasy​ (IAAP​, Beýik Britaniýa) we Professional biznes elitasynyň​ halkara aliansy​ ýaly dünýäniň tanymal guramalaryň tassyklan meýilnamalary esasynda geçirilýär.

Malyýe​ pudagynda hünärmen bolmak isleýän, hünär derejesini ýokarlandyrmagy, öz bilim derejesini tassyklaýan halkara sertifikatyň eýesi bolmagy maksat edinýän maliýeçiler​ üçin bu görnüş okuwlar Türkmenistanda ilkinji gezek bu merkezde hödürlenýär.

ACCA​ we CIMA​ meýilnamalaryndan beýleki okuwlar üçin synaglary onlaýn görnüşde gatnaşyp, sertifikat alyp bolýar. ACCA​ we CIMA​ sertifikatlarynyň eýesi bolmak üçin bolsa jemleýji synagy iň ýakyn akkreditirlenen merkezde geçmegi talap edilýär.

“Alym Saraýly​” okuw merkezi maliýe, audit we dolandyryş ugurlary boýunça webinar​ görnüşli okuwlaryny 2017-nji ýyldan bäri hödürleýär. Merkeziň onlaýn okuwlaryny gurnamak boýunça ýörite hünärmeni we mugallymy Meýrjemal​ Metbagirowa​ bu okuwlaryň diňleýjilere ýeňillik döretmek we bilim ulgamynda innowasiýalardan peýdalanmakdygyny​ nygtady.

Webinar​ okuwlaryna yzgiderli gatnaşýan bu merkeziň işgärleri Guliýa​ Hummedowa​ we Aýsoltan Garlyýewa mazmun bilen tanyş hem bolsalar, täzeçe usulda ýagny onlaýn görnüşde treýninglere​ gatnaşmagyň özboluşly aýratynlyk bolandygyny bellediler.

IAB​ halkara buhgalterçilik webinarlarynyň​ uçurymy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ýelena Akmuradowa​: “Men häzirki wagtda öýde kiçi ýaşly çagamy terbiýeleýärin​. Şonuň üçin özüme oňaýly wagtda gatnap okar ýaly okuw merkezine duşuşyp bilmedim. Emma “Alterranyň​” webinarlary​ bilen bu okuwlary almaga mümkinçiligim boldy” diýip belleýär.

“Alym Saraýly​” okuw merkezi ykdysadyýet we maliýe pudagyna degişli köpugurly okuwlary hödürleýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok