TÜRKMEN – ÖZBEG DOSTLUKLY GATNAŞYKLARY BERKIDIP

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň guramagynda dostlukly ýurduň ösüşleri bilen tanyşdyrýan brifing geçirildi. Oňa halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilleri şeýle hem žurnalistler gatnaşdy.

Brifingiň başynda ýörite taýýarlanan wideoşekil görkezilip, onda Özbegistanyň geçen ýyllarda gazanan üstünlikleri, şeýle-de Türkmenistan döwletimiz bilen ýola goýan köpugurly gatnaşyklary görkezildi. Dostlukly ýurduň ösüşi bilen tanyşlykdan soňra Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş etdi. Ol çykyşynyň dowamynda şu ýylyň 24-nji ýanwarynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýurtda geçen ýylyň dowamynda gazanylan üstünliklere bagyşlap geçiren maslahatyndan gelip çykýan wezipeler, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda öňde duran wezipeler barada belläp geçdi.

Soňky ýyllarda Özbegistan bilen ýola goýan köpugurly gatnaşyklarymyz rowaçlyk geçirýär. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen, sazlaşykly ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy geňeşmeleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň derejesindäki gatnaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän pugta hukuk binýady döredildi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ikitaraplaýyn bähbitlere bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna gabat gelýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurtlaryň ikisi-de ösüşiň şöhratly ýoluny geçdi. Medeni gatnaşyklar hemişe bolşy ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Biziň halklarymyz diňe bir goňşy bolman, eýsem, umumy doganlyk gatnaşyklaryna, taryhy ýörelgelere, däp-dessurlara, ahlak gymmatlyklaryna eýedir. Bu gün ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam bermek, munuň üçin döwrüň ruhuna we adamlaryň isleglerine gabat gelýän zerur şertleri döretmek iki döwletiň öňünde durýan esasy wezipe bolup durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok