Aşgabat şäheriniň 37-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Iňlis dili hepdeliginiň çäklerinde geçirilen bäsleşik öňden mälim edilen kitap boýunça test synagyna gatnaşdylar. Guramaçylaryň bahalandyrmagyndan soňra bolsa ýeňijiler dabaraly ýagdaýda baýraklary we sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşim Tim Vicary awtorlygyndaky “Mutiny of the Bounty” atly çeper eseri esasynda 50 soragly test görnüşde geçirildi. Bäsleşige 7-11-nji synplardan 27 okuwçy gatnaşmaga isleg bildirdi.
Bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi Aşyrmyrat Hakmyradow boldy. Birinji orna Aýşabibi Halmuhammedowa, ikinji orna Mähriban Berdimyradowa mynasyp boldy. Üçünji ýeri bolsa Leýla Gurbangeldiýewa, Aýsona Orazgeldiýewa we Hatyja Tagangylyjowa paýlaşdy.
Guramaçylygy bu mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Ýusupyslam Ataýew, Nurahmet Arabow, Hojaguly Gulyýew, Atajan Kömekow, Ymam Hanow ýerine ýetirdiler. Gysga wagtyň dowamynda bäsleşigiň düzgünnamasyny, bildirişini we soraglaryny taýýarladylar. Sanly syngag barlaýyş ulgamyndan peýdalandylar. Şeýle-de baýrak gowşuryş dabarasynyň hem taýýarlyklaryna işjeň gatnaşdylar. Höwesjeň topara bu mekdebiň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasasy Gunça Hanowa we iňlis dili mugallymy Döwran Hudaýberdiýew öz maslhatlaryny we goldawlaryny berdi.
Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň adyndan höweslendiriji sowgatlary geňeşiň esasy hünärmeni Sapar Araznepesow gowşurdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommitetiniň bölüm müdiri Wepa Kurbanow ýeňijileriň hormat hatlaryny, sowgatlary, guramaçylyga işjeň gatnaşan okuwçylara we mugallymlara bolsa minnetdarlyk hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Readit.Store onlaýn kitap dükany hem ýeňijilere üçin höweslendiriji sowgatlaryň hemaýatkärligini ýerine ýetirdi.
Teswirler