«Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, ak şähere ýagan ak gar päk arzuwlardan, ýagşy niýetlerden nyşandyr. Ak säherde ýagyp başlan ak gar asmanyň alkyşy hem türkmen tebigatynyň nurudyr. Ata-babalarymyz «Gara ýere gar ýagsa, gary görmek bir myrat» diýipdirler. Daş-töweregi aklyga bürän gar hemmelere şatlyk, ruhubelentlik paýlaýar. Ol bagtyýar durmuşymyzyň ak ýollaryna ýaraşykdyr.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ak gary berekediň buşlugydyr. Gyşyň nemi ýeriň emi hasaplanýar. Ak dona bürenen Aşgabadyň gözelligi bolsa, «ak merjenleriň» lowurdysyna goşulyp, gözüňi egleýär, göwnüňi göterýär.
Teswirler