SAGLYK ÝOLUNA ÝÖRIŞ GURALDY

Şu gün ir säher bilen paýtagtymyzy etekläp oturan Köpetdagy kemerläp geçýän saglyk ýoluna ýöriş geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilen köpçülikleýin ýörişe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine degişli bolan sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar.  

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň aýdym-saz toparlarynyň bagtyýarlyk döwrümizi, türkmen sportunyň dünýä dolan şöhratyny wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Birnäçe sagat dowam eden ýörişde, Saglyk ýolunyň düşelgesinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetirilen görkezme çykyşlaryň görkezilmegi, türkmen türgenleriniň sebit we halkara ýaryşlarynda gazanan üstünliklerinden söz açýan serginiň guralmagy bu ýerdäki adamlaryň şatlygyny artdyrdy.

Aýratyn hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň türkmen tebigatynyň gözelliklerini şekile geçirýän pursatlaryny synlan pursadyň olaryň öz saýlap alan hünärlerini barha kämilleşdirýädiklerini görmek bolýar.

Köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde talyp ýaşlaryň arasynda Saglyk ýoly boýunça ylgaw ýaryşy guraldy. Bu ýerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýew birinji Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby Azat Welmiýew ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Resul Çopanow üçünji orunlary eýelemegi başardylar.  Ýeňiji bolan talyp ýaşlara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Saglyk ýoluny geçmek boýunça guralan ylgaw ýaryşynda ýeňiji bolmagy başaran Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýewiň  halkara ýaryşlarynda hem ýokary netijeleri görkezmegi başarýandygyny bellemelidiris. Ol geçen ýyl Daşkentde geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda 10 kilometri ylgap geçmek boýunça birinji orny eýeläp altyn medaly gazanmagy başarandygyny ýatladýarys. Bu bolsa türkmen sportuny ösdürjek ýaş nesilleriň kemala gelýändigine ýene bir ýola şaýatlyk edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok