Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda ýurdumyzda dabaraly çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler giňden gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy Bitarap Watanymyzyň gözelligini wasp edýän ýokary okuw mekdebiniň “Altyn fondy” muzeýiniň gaznasyndan iň oňat ýerine ýetirilen peýzaž žanryna degişli nakgaşçylyk we grafika eserleriniň sergisini hödürleýär. Sergi 2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda sagat 8:00-da ýokary okuw mekdebiniň sergiler jaýynda dabaraly ýagdaýda açylar. Sergide ýokary okuw jaýyny tamamlan uçurymlarynyň okuw döwründe çeken işleri we häzirki wagtda bilim alýan talyp ýaşlaryň eserleri görkeziler. Ol işler talyplaryň okuw tejribeliklerinde we döredijilikli işlän taslamalarydyr. Watanymyzyň gözel tebigaty, Ak şäherimiz Aşgabat, welaýatlarymyzyň gözel künjekleri we taryhy ýerleri owazly reňkleriň üsti bilen wagyz edilen. Olardan: Laçyn Baýlyýewanyň “Tutly Gala” (2015), Gudrat Babaýewiň “Tebigat” (2013), “Deňiz porty” (2019), Hudaýberdi Annaýew “Gyş” (2013), Derýa Mämmetgulyýewiň “Nohur oba” (2013), Kerim Berdiýewiň “Gerkez” (2015), Döwran Jumaýewiň “Garrygalanyň gijeleri” (2015), Ruslan Abdullaýewiň “Gurtly köl” (2017), Arslan Gaýypowyň “Gara kölüň kenary” (2010), Şeker Nökergeldiýewanyň “Oba” (2016), Röwşen Saryýewiň “Şäher” (2016), Meýlis Çaryýewiň “Aşgabat” (2012), Gurban Babatäjowyň “Güýz” (2017), Şükür Rozyýewiň “Köýten obasy” (2018), Leýli Saryýewanyň “Garrygala” ( 2019) we başga-da birnäçe işleri görmek bolar. Ýaş suratkeşleriň eserlerinde asuda ýurdumyzyň parahatçylygyny, gözelligini, şahyrana tebigatyny duýup bolýar.
Toryýewa Jemal Nuryýewna
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy
Teswirler