«Şahandazlar» atly bäsleşik türkmeniň gadymdan gelýän milli gylyk-häsiýetlerini, şahandazlygyny, göwnaçyklygyny, wäşiligini, dilewarlygyny, suhangöýligini ösdürmek, ýurdumyzyň wäşileridir şahandazlarynyň çykyşlaryny many-mazmun taýdan kämilleşdirmek, olary çeperçilik taýdan baýlaşdyrmak, döredijilik işgärlerini höweslendirmek we ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde, ikinji, jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçiriler. Birinji tapgyrda birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan wäşiler jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Şeýle hem, üç baýrakly orundan daşgary, tapawutlanan wäşiler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda, jemleýji tapgyra gatnaşyp bilerler.
Bäsleşikde wäşiler şu ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezip bilerler: degişme sahnalary, aýdymlary, goşgulary, tanslary, öýkünmeleri, sözsüz, hereketli degişmeleri we degişme gürrüňleri.
Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Teswirler