«Parahatlyk dünýäsi» atly wokal we hor sungatynyň festiwal-bäsleşigi

Festiwal-bäsleşiginiň maksady, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekden, milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgalaryny giňden öwrenmekden, türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmakdan, wokal we hor sungaty boýunça ýaş ýerine ýetirijileriň, kompozitorlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, olary döredijilige höweslendirmekden ybaratdyr.

Festiwal-bäsleşigiň wokal ugry boýunça ýokary we ýörite orta sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle-de professional saz bilimi bolan 18-35 ýaş aralygyndaky wokal aýdymçylary gatnaşyp bilerler. Hor sungaty ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň we ýörite orta sazçylyk, sungat okuw mekdepleriniň 40-50 adamdan ybarat bolan hor toparlary gatnaşyp bilerler. Kompozisiýa ugry boýunça ýokary we ýörite orta sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle-de professional saz bilimi bolan kompozitorlar gatnaşyp bilerler.

Festiwal-bäsleşigine gatnaşyjylar degişli resminamalaryny 2020-nji ýylyň 1-nji apreline çenli Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýerleşýän ýörite orta sazçylyk we sungat okuw mekdeplerine tabşyrmalydyrlar. Kompozisiýa ugry boýunça festiwal-bäsleşige gatnaşyjylar degişli resminamalaryny, täze döreden bir wokal eseriniň we bir hor eseriniň nota hem audio ýa-da wideo ýazgysyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölümine 2020-nji ýylyň 1-nji apreline çenli ibermelidirler. Festiwal-bäsleşigiň ýeňijileri Diplomlar we höweslendiriji baýraklar, işjeň gatnaşyjylar Hormat hatlary hem-de höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok