«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly türkmen nusgawy saz sungatynyň festiwaly

Festiwalyň maksady, türkmen nusgawy saz sungatyny, kompozitorlyk döredijiligini has-da ösdürmekden, ýurdumyzyň professional orkestrleriniň, ansambllarynyň we beýleki saz toparlarynyň ýerine
ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekden, professional saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmakdan, kämil saz eserlerini we täzeden işlenen türkmen halk sazlaryny halka ýaýmakdan, ýaş zehinleri
ýüze çykarmakdan, olaryň döredijiligini höweslendirmek we ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekden, saz toparlarynyň we sazandalaryň tejribe alyşmaklaryna mümkinçilikleri döretmekden
ybaratdyr.

Festiwala saz guralynda ýekelikde ýerine ýetirmek ugry boýunça çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlary, ýörite sazçylyk we sungat okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, saz edaralarynyň professional saz bilimi bolan sazandalary gatnaşyp bilerler. Festiwala toparlaýyn ýerine ýetirmek ugry boýunça ýokardaky ady agzalan saz edaralarynyň halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestrleri gatnaşyp bilerler.

1-nji saýlama tapgyrda eminler topary tarapyndan saýlanan ýekelikde ýerine ýetirijiler we saz toparlary festiwalyň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bäsleşige gatnaşyjylar degişli resminamalaryny 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Aşgabat şä-
herinde we welaýat merkezlerinde ýerleşýän ýörite orta sazçylyk we sungat okuw mekdeplerine tabşyrmalydyrlar. Festiwalyň çäklerinde geçiriljek bäsleşigiň ýeňijileri Diplomlar we höweslendiriji baýraklar, işjeň gatnaşyjylar Hormat hatlary hem-de höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok