«Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşigi

Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Aşgabat şäher komiteti we «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň arasynda geçirilýän «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Umumy düzgünler

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli raýatlary gatnaşyp bilerler.

1. Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň hasda berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekden hem-de dünýä ýaýmakdan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyşöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekden, şeýle-de halkyňruhy galkynyşyny wasp edýän iň gowy eserleri okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr.

2. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň möçberi 3­—­4 ­sa­hy­pa­dan ­uly ­ bolma­ly ­däl. ­Olar­ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly bäsleşige diýen belgi bilen redaksiýa 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-sine çenli
gowşurylmalydyr. Bäsleşige hödürlenen makalalaryň we goşgularyň, aýdymlaryň hem-de fotosuratlaryň iň gowulary gazetde çap ediler.

3. Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda jemlener. Ýörite düzülen topar tarapyndan iň gowy eserler seçilip alnar. Ýeňijiler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanylýar.

4. Şu Düzgünnama «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, geçiş tertibini we şertlerini kesgitleýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat
şäher komiteti: 44-87-44, 44-87-47.
Aşgabat şäher häkimligi: 92-40-22.
«Aşgabat» gazeti: 39-96-25.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok