Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde sport we sagdyn durmuşy wagyz edýän çäreler toplumyny gurnaýar.
“Okuwçylaryň sagdyn bedenli, ruhy taýdan arassa, şahsyýet taýdan kämil bolmaklaryna iň uly itergi yzgiderli sport bilen meşgullanmaklarydyr. Şol sebäpli, biz beýleki degişli guramalar bilen bilelikde medeni-köpçülikleýin çäreleri hemişe gurnap durýarys” diýip TMÝG-nyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň wekili Osman Muhyýew belläp geçdi.
Ol öz sözüniň dowamynda: “Ynha bugün bolsa Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebinde köpugurly sport ýaryşlaryny gurnadyk. Gyzykly wagt geçirdik. Çagalara TMÝG-nyň adyndan höweslendiriji sowgat berildi.”
Sowgat gowşuryş dabarasynda Bagtyýarlyk etrap polisiýa müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory Serdar Garryýew hem gatnaşdy. Ol öz sözünde: “Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary hemişe üns merkezinde saklamaly. Olaryň gyzykly we peýdaly endiklerini gazanmaklaryny ýola goýmaly. Sport bolsa, bu maksada doly hyzmat edýär. Şu çäreler etrabymyzda ähli mekdeplerde yzgiderli bolýar,” diýdi.
Teswirler