MILLI TEATRYŇ SAHNA BEZEGINIŇ DÜÝBÜNI TUTAN HAKY ALLABERDIÝEW

Haky Allaberdiýew Türkmenistanyň teatr-dekorasiýa sungatynyň binýadyny tutan romantik suratkeşdir. Ol 1920 ýylyň 3-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Birleşik obasynda eneden bolýar. 1935 ýylda ol Aşgabadyň çeperçilik mekdebiniň taýýarlaýyş klasyna okuwa girip, B.Nuraly, S.Beglýarow, I.Çerinko, Ý.Daneşwar ýaly görnükli suratkeşlerden tälim alýar. Ol çeperçilik mekdebi tamamlanyndan soňra ýaňy açylan opera we balet teatrynda suratkeşiň kömekçisi bolup işe başlaýar. 1941 ýylda Moskwadan, Leningratdan, Kiýewden beýleki sungat medeniýet işgärleri bilen bilelikde belli sowet teatr hudožnikleri L.Ýe.Liber, I.M.Robinowiç, A.F.Luşin Aşgabada göçüp gelýärler. A.Luşin 1941 ýylda açylan opera we balet teatrynyň baş suratkeşi bolup, eýýäm ilkinji spektakllarynda Haky Allaberdiýewi awtordaş höküminde işe çagyrýar. Olar bilelikde “Zöhre Tahyr”, “Gül Bilbil”, “Abadan” operalaryny bezeýärler. Tejribeli ussatlar bilen bile işlemeklik Haky Allaberdiýew üçin uly mekdep bolup, onda teatryň sahna bezeg işine bolan höwesi, söýgini artdyrdy.

Kämilleşmegiň ýoluna düşen Haky Allaberdiýew 1943 ýylda Moskwanyň çeperçilik institutyna okuwa girýär. Ol 4 ýyl okap, ýarawsyzlygy sebäpli, doly bilim alman, öýüne dolanmaly bolýar. 1952 ýylda Haky Allaberdiýew Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda oýun goýyjy suratkeş bolup işe başlaýar. Ömrüniň ahyryna çenli şu teatrda baş suratkeş bolup işleýär. Haky Allaberdiýew teatryň ähli žanrlarynda, kinoda, žiwopis sungatynda-da köp eser döreden şahsyýet. Onuň giň möçberli sungaty bar. Teatr, bilşimiz ýaly, özi kiçijik bir döwletdir. Ol ussatlaryň ýygnan ýeridir. Ilki bilen oýun goýyjy suratkeşiň pikiri, ideýalary, žiwopisiň koloriti, fakturasy onyň sazlaşygy, çeperçiligi ony ýerine ýetirýänlere bagly bolup durýar. Haky Allaberdiýew hakyky dekorator, ol sahnany gowy bilip, bezegiň çugdam, ýeňil we örän täsirli bolmagyny gazanyp bilýär. Ol oýun goýyjynyň ideýasyny baýlaşdyryp, oňa täze öwüşgin, täze häsiýet berip bilýär, onuň garaşmaýan taraplaryny açyp çeperçilik derejesine ýetirýär. Haky Allaberdiýew «Şasenem Garyp», «Aýna», «Keýmir kör» «Aýgytly ädim», «30-njy ýyllar», «Mollanepes», «Aldar Köse» oýunlary sahnalaşdyrdy. Önjeýli zähmetiniň netijesinde H.Allaberdiýew 1964 ýylda TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri, 1991 ýylda Türkmenistanyň Halk suratkeşi adyna eýe bolýar. 1995 ýylyň iýun aýynyň 1-ine görnükli suratkeşimiz Aşgabat şäherinde ýogalýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň drama teatrynda ilki bilen kim režissýorlyk etdi? Diýlip, soralanda Aman Gulmämmedowyň ady ýadyňa düşýär. Onda kim ilkinji operalary goýdyka diýilende bolsa, Alty Garlyýew göz öňüňe gelýär. Edil şeýle sorag teatr suratkeşi dogrusynda dörese welin, şübhesiz, Haky Allaberdiýewiň ady diliňe geler. “Onuň bezän spektakllary teatr sungatyny taryhynyň görkidir. Ol milli teatr suratkeşlerimiziň bezegçilik sungatynyň kerwenbaşysydyr.”

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2020 ýylyň 23-nji ýanwarynda Haky Allaberdiýewiň 100 ýaş ýubileýine bagyşlanyp serginiň açylmagy uly bir hadysadyr. Sergide muzeý gaznasyndan 120 golaý işler halka görkezildi. Kalbyňy ýyly duýgular bilen maýyl ediji bu eserleri görmäge çagyrýarys. Sergi bir aýyň dowamynda açyk bolar.

Çinara Amansähedowa,
sungaty öwreniji

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok