WATAN GORAÇYLARYNA BAGYŞLANDY

Ajaýyp zamana türkmen sungaty we medeniýeti, özüniň millilik häsiýeti bilen tapawutlanýan täsin eserleri bilen halkyň ruhuny galkyndyrmakda özüniň goşandyny goşdy. Bu ugurda aýratynam taryhy şahsyýetlerimiziň keşbini döretmeklik däbe öwrüldi.

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asuda asmanym, abadan ýurdum» atly sergi guraldy. Sergide ussat suratkeşlerimiziň watan goragçylaryna watançylyk temasyna bagyşlap döreden birnäçe eserler toplumy sergilendi. Ussat suratkeşler Atabally Kiçigulyýewiň «Uruş weterany», Iwan Çerenkonyň «Mülki Baýramowyň portreti», Gulnazar Bekmyradowyň «Eje, biz ýeňiş bilen gaýtdyk», Saparmämmet Meredowyň «Watan sarpasy», Aýjeren Meredowanyň «Ýeňiş getiren maşgala» atly eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Nikolaý Çerwýakowyň «Dynç alyşda» atly eserinde suratkeş ýaş esgerleriň türgenleşiklerden soň çäge depelerinde dynç alýan pursatlaryny çeperçilik bilen çekipdirler. Watan goragçylary wagtlaryny peýdaly geçirmek üçin gazet okaýarlar. Harby eşigiň çäge bilen utgaşygy esgerler bilen dogduk diýaryň topragynyň bitewüligini suratlandyrypdyr. Mundan başga-da muzeýiň gaznasynda saklanýan A.Şetiniň, A.Taganowyň heýkel eserlerinde Watan goragçylarymyzyň keşplerini, durmuşy oý-pikirlerini eserlerinde görmek bolýar.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda watançylyk temasynyň öňe sürülmegi munda geçmiş taryhyna aýratyn orun berildi. Türkmen taryhyny giňden öwrenmek we ony halka ýetirmek indi diňe bir taryhçylaryň borjy bolman, heýkeltaraşlaryňam, nakgaşlaryňam, umuman her bir döredijilik adamyň mukaddes borjuna öwrüldi.

Serginiň dowamynda oňa tomaşa eden dürli kärdaki ildeşlerimiz bilen birlikde Watan goragçylary hem serginiň guramaçylygyna ýokary baha berdiler. Bu sergi biziň her birimizde ata Watana, ene topraga bolan söýgüni artdyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok